Muhsin Muhammadiýew: "Ahal" sazlaşykly oýnaýan topar, ýöne biz olara garşy nähili oýnamalydygyny bilýäris"

23:1030.04.2018
0
7481

AFK-nyň Kubogynyň 5-nji tapgyrynyň öňüsyrasy “Ahal” bilen duşuşyk geçirmek üçin paýtagtymyza gelen “Istiklol” toparynyň baş tälimçisi Muhsin Muhammadiýew “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen metbugat ýygnanyşygyna gatnaşdy.

- Ertir geçiriljek oýun babatynda kelam-agyz durup geçseňiz?

- Örän gowy toparyňyz bar. Gynansakda “Ahal” toparçadan çykmak mümkinçiligini wagtyndan öň ýitirdi. Muňa garamazdan, “Ahal” hil taýdan örän gowy futboly öňe sürýär. Duşenbede geçen birinji duşuşykda ýeňendigimize garamazdan, “Ahal” örän ýokary derejeli oýun görkezdi. Ertir örän gyzykly duşuşygyň boljakdygyna ynamym uly. Garşydaşymyzyň oýnuny ilik-düwme öwrendik.

- Wajyp duşuşygyň öňüsyrasy toparyňyzda şikes alanlar barmy. Umuman, oýunçylaryňyzyň bu duşuşyga taýýarlyk derejesi näderejede?

- Oýunçylarymyzyň hemmesi diýen ýaly oýna taýýar. Diňe goragçymyz Siýowuş Asrorow şikesi zerarly çykyş edip bilmez. Ýene bir gezek belleýärin “Ahal” kombinasion futboly öňe sürmäge ýykgyn edýän topar. Goýan taktikamyz babatynda aýdanymda, onda ony oýun wagty görersiňiz. Özüňiz bilýäňiz, oýnuň “syryny” öňünden aýdyp biljek däl. Biziň esasy wezipämiz toparçadan çykmakdan ybarat. Bilşiňiz ýaly, öňümizde iki tapgyr galdy. Ýöne bu duşuşyk nähili hasap bilen tamamlansa-da, 16-njy maýda Duşenbede “Altyn Asyr” bilen geçiriljek altynjy tapgyryň duşuşygyndan soň hemmesi aýdyňlaşar. Şol sebäpli-de, her bir geçirýän duşuşygymyz biziň üçin örän wajyp bolup durýar. Häzirki wagtda biz AFK-nyň toparlarynyň reýtinginde 7-nji orny eýeleýäris. AFK-nyň kubogyndaky şowly çykyşymyz bize 6-njy orna geçmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa öňümizdäki ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna göni toparçadan gatnaşmaga mümkinçilik berer. Şonuň üçin hem biz her bir duşuşygymyzda diňe ýeňiş gazanmak üçin meýdana çykarys.

Nikola Stoşiç, “Istiklol” toparynyň derwezeçisi:

- Ýaňy baş tälimçimiziň hem belläp geçişi ýaly oglanlaryň hemmesi ertirki oýna taýýar. Toparymyzyň içinde hem ýagdaý örän gowy. Bary-ýogy iki oýnuň galandygyna biziň özümizem gowy düşünýäris. Şolary şowly geçirsek, onda toparçadan çykarys diýip umyt edýäris.   

 “Ahal” bilen Täjigistanyň çempiony “Istiklolyň” arasyndaky AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bäşinji tapgyrynyň duşuşygynyň 1-nji maýda sagat 18:00-da paýtagtymyzyň köpugurly “Aşgabat” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň