Soňky habarlar

Arhiw

"Şagadam" - "Energetigi" myhmançylykda ýeňip, liderige şärik boldy

23:0128.04.2018
0
4901

Futbol çempionatymyzyň 8-nji tapgyrynyň çäginde Maryda “Energetik” bilen “Şagadam” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy. “Şagadama” ýeňiş getiren topy oýnuň 77-nji minutynda M.Rizaýew öz adyna ýazdyrdy.

Gazanan ýeňşinden soň 13 utuk toplan Türkmenbaşy şäheriniň topary paýtagtymyzyň “Aşgabady” bilen deňleşdi. Ýöne muňa garamazdan, özaralarynda geçirilen duşuşygyň netijesinde “Aşgabat” eýeleýän birinji ornuny saklap galdy.

 “Energetik” – “Şagadam” – 0:1

Gol: Melis Rizaýew 77

Duýduryşlar: R.Şermetow 41, B.Hojaahmedow 53, B.Meredow 90+6 (“Energetik”) – R.Halmämmedow 34, Y.Aýmamedow, M.Gurbangeldiýew 69, H.Amanmämmedow 73, D.Orazgulyýew 90+1, A.Kerimow 90+6 (“Şagadam”)

Geçirilýän ýeri: “Energetik”  stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Alibek Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 1500

 

 Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň