AFK-nyň kubogy — 2018: türkmen derbisiniň jogap duşuşygynda ýeňiji — «Altyn asyr»

23:2625.04.2018
0
8525

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň «D» toparçasynyň dördünji tapgyrynda Balkanabatda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 1:0 hasaby bilen ýeňdi. Pökgini birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň birinji minudynda «aragatnaşykçylaryň» ýarym goragçysy Serdar Geldiýew geçirdi.

15 günde üç duşuşyk

«Altyn asyr» bilen «Ahal» soňky 15 günüň dowamynda üç gezek duşuşdylar. Başgaça aýtsak, soňky iki hepdäniň dowamynda türkmenistanly futbol janköýerleri ýurduň häzirki wagtda iň güýçli iki toparynyň duşuşyklaryna üç gezek şaýat boldular. Ikisi paýtagtda, biri Balkanabatda geçirilen duşuşyklaryň ikisi AFK-nyň kubogyna, biri bolsa Türkmenistanyň Milli çempionatyna degişlidir. Taryhda ilkinji gezek bir toparçada ýaryşýan iki toparymyz ilkinji duşuşygyny 11-nji aprelde geçiripdi. «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda AFK-nyň kubogynyň «D» toparçasynyň üçünji tapgyrynyň çäginde geçirilen şol duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Şondan birnäçe gün soňra bu iki topar milli birinjiligiň çäginde paýtagtymyzdaky Diller merkeziniň stadionynda duşuşdylar. Milli futbol çempionatymyzyň 2-nji tapgyrynyň senesi üýtgedilen şol duşuşygynda Röwşen Meredowyň şägirtleri — «Ahal» «aragatnaşykçylary» 1:0 hasabynda ýeňipdi. Bu utulyş Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň şu ýyl geçirilen resmi duşuşyklardaky ilkinji utulyşydyr. Şondan soň milli birinjiligiň çäginde «Merw» bilen geçirilen duşuşykda-da utuk ýitiren «Altyn asyr» iki oýundaky şowsuzlygyň has möhüm duşuşykda — AFK-nyň kubogynda soňuna çykdy.

Duşuşyk nähili geçdi?

Duşuşygyň bada-bat ýokary depgine eýe bolmagy toparlaryň ikisiniň hem bu duşuşyga güýçli taýýarlyk bilen gelendigini görkezdi. Ýeňiş bolsa garşydaşlaryň ikisine-de möhümdi. Çünki diňe şu duşuşykda ýeňiş gazanan toparyň toparçadan çykmaga umydy dowam etjekdi. Mümkinçilikler bolsa, tas, deňeçer diýen ýalydy. Birinji orundaky «Istiklolda» (Täjigistan) 7, «Altyn asyrda» 5, «Ahalda» 4 utuk bardy. Gyrgyzystanyň çempiony «Alaý» bolsa üç duşuşykdan hem utuk alyp bilmedi. Diýmek, haýsy toparymyz ýeňiş gazananda-da, taryhda ilkinji gezek AFK-nyň kubogynyň toparçasyndan final tapgyra çykmaga umydymyz dowam etjekdi. Tersine, ikinji gezek deňme-deň hasap bilen oýnamak ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrjakdy. Şonuň üçin hem duşuşyk ilkinji minutlardan dartgynly depgine eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde-de arassa oýnuň bolandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Iordaniýaly emin Ahmed Faýzal Mohammad Al Ali tä 30-njy minuda çenli hiç kime sary kart görmezdi. Şol minutda «Altyn asyryň» ýarym goragçysy Futkat Tursunowa görkezilen sary kart birinji ýarymdaky ýeke-täk duýduryş boldy. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, duşuşykdaky ýeke-täk pökgi hem birinji ýarymda geçirildi. Esasy wagtyň goşmaça böleginiň birinji minudynda «Altyn asyr» pökgini burçdan oýna girizmäge hukuk gazandy. Jerime meýdançasyna gönükdirilen pökgä «Altyn asyryň» ýarym goragçysy Serdar Geldiýew hemmelerden öňürti ýetişip, ony kelle bilen derwezä gönükdirdi. Derwezewanyň we goragçylaryň pökgini derwezeden çykarmaga eden synanşygy şowsuz boldy. Pökgi yza gaýtarylýança, derwezäniň çyzygyndan geçip ýetişdi. Emin bu pursaty gol diýip hasap etdi we arakesmä «Altyn asyr» artykmaçlyk bilen çykdy. Duşuşygyň 52-nji minudyna çenli Röwşen Meredow ýagdaýdan çykalga tapmak üçin birbada üç oýunçysyny çalyşdy. Şol sanda «Ahalyň» esasy hüjüm gurnaýjylary Guwanç Abylow bilen Süleýman Muhadow hem oýna girdi. Ýöne Türkmenistanyň wise-çempiony utulyşdan barybir halas bolup bilmedi. Jogap duşuşygy «aragatnaşykçylaryň» 1:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlandy.

«Ahal» esasy ýaryşdan çekilýärmi?

«D» toparçada geçirilen beýleki duşuşykda Täjigistanyň «Istikloly» myhmançylykda Gyrgyzystanyň «Alaý» toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi we utugyny 10-a çykardy. Düýnki ýeňişden soň «aragatnaşykçylar» hem 8 utuga çykdy. Toparçada ikinji gezek ýeňlen «Ahal» 4 utuk bilen galan bolsa, «Alaý» dördünji duşuşygynda hem utuk gazanyp bilmedi. Şeýlelikde, indi «Alaýyň» toparçadan çykmaga hiç hili mümkinçiligi galmady. Topar öňde galan iki duşuşygynda ýeňiş gazanaýan ýagdaýynda-da, 6 utuk toplap biljek. Ýaryşa saýlama tapgyrdan gelen-de bolsa, «Ahalyň» gowy çykyş edendigine ünsüňizi çekmek isleýäris. Ýöne düýnki utulyş «Ahalyň» mümkinçiligini juda azaltdy ýa-da ol asla galmady diýen ýaly. Şonuň üçin hem «D» toparçanyň birinji orny ugrundaky göreş mundan soň diňe «Altyn asyr» bilen «Istiklolyň» arasynda dowam eder. Bäşinji tapgyrda toparlarymyzyň ikisi hem öz ýurdumyzda duşuşyk geçirýär. 1-nji maýda «Ahal» «Istikloly», 2-nji maýda «Altyn asyr» «Alaýy» kabul eder. «Aragatnaşykçylaryň» toparçadan çykmagy üçin şu duşuşyklaryň ikisinde-de biziň toparlarymyzyň ýeňiş gazanmagy esasy şert. Diýmek, «Altyn asyryň» AFK-nyň taryhynda toparçadan çykan ilkinji türkmenistanly topar bolmagyna «Ahal» kömek edip biler. Röwşen Meredowyň şägirtleri Aşgabatda geçiriljek duşuşykda «Istikloly» ýa utmaly, ýa deňme-deň oýnamaly. «Altyn asyram» «Alaýy» ýeňmeli. Eger, «Ahal» «Istiklol» bilen deňme-deň duşuşyk geçirip, «Altyn asyr» hem ýeňiş gazanyp bilse, öňdebaryjylaryň ikisiniň hem utugy 11-e çykar. Şeýle bolan ýagdaýynda «Altyn asyr» toparçada birinji orna geçýär. Çünki pökgi gatnaşygynda artykmaçlyk «Altyn asyryň» tarapynda. «Istiklolyň» iki duşuşykda-da «Alaýy» kynlyk bilen ýeňmegi hem pikirlenerlik ýagdaý. Mälim bolşy ýaly, türkmen toparlarynyň ikisi hem «Alaý» bilen geçiren duşuşygynda o diýen bir gynanman, uly hasap bilen ýeňiş gazanypdylar. Ýöne «Istiklol» «Alaýy» 11-nji aprelde öz meýdanynda geçirilen ilkinji duşuşykda diňe 11 metrlik jerime urgusynyň netijesinde ýeňen bolsa, Gyrgyzystanda geçirilen jogap duşuşygynda deňme-deňlikden duşuşygyň iň soňky sekunlarynda halas boldy. Bu ýagdaý, bir tarapdan, «Istikloly» iň bolmanda deňme-deň hasap bilen saklap boljakdygy barada pikirlendirse, ikinji bir tarapdan hem «Alaý» bilen indiki duşuşykda öňküler ýaly aňsat ýeňiş gazanylmajakdygy barada oýlandyrýar. Her niçigem bolsa, «Alaý» Gyrgyzystanyň soňky iki möwsümdäki çempiony. Üstesine-de, topar şu möwsümde-de eýýämden ýaryş tertibiniň birinji basgançagynda. Diýmek, «Altyn asyrdyr» «Ahal» üçin (esasan hem, «Altyn asyr» üçin) esasy ýaryş indi başlandy. Toparlarymyza üstünlik arzuw edeliň! Olary goldalyň!

AFK-nyň kubogy — 2018. Merkezi bölek. «D» toparça. 4-nji tapgyr.

25-nji aprel. Balkanabat. «Sport toplumy». 8 375 tomaşaçy.

«Altyn asyr» (Türkmenistan) — «Ahal» (Türkmenistan) — 1:0 (1:0).

Pökgi geçiren: Serdar Geldiýew, 45+2.

«Altyn asyr»: Mämmet Orazmuhammedow (k), Şöhrat Söýünow, Mekan Saparow, Serdar Annaorazow, Annasähet Annasähedow (Selim Nurmyradow, 86), Furkat Tursunow (Begmyrat Baýew, 63), Gurbangeldi Batyrow (Welmyrat Ballakow, 90+6), Serdar Geldiýew, Umitjan Astanow, Altymyrat Annadurdyýew, Myrat Ýagşyýew.

«Ahal»: Batyr Babaýew, Güýçmyrat Annagulyýew, Ata Geldiýew (Guwanç Abylow, 46), Didar Hajyýew (k), Hoşgeldi Hojowow, Yhlas Saparmämmedow, Süleýman Orazow (Döwran Orazalyýew, 46), Wezirgeldi Ylýasow, Myrat Annaýew, Merdan Gurbanow, Nurýagdy Muhammedow (Süleýman Muhadow, 52).

Duýduryşlar: Furkat Tursunow 30, Umitjan Astanow 63, Mekan Saparow 88 — Merdan Gurbanow 51, Güýçmyrat Annagulyýew 66.

Iň gowy oýunçy: Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr»).

Baş emin: Ahmed Faýzal Mohammad Al Ali (Iordaniýa).

Kömekçileri: Issa Mahmud Ahmad Al Amawi, Mahmud Taher Mohammad Abu Taher (ikisi hem — Iordaniýa).

Ätiýaç emin: Mohammad Hasan Mahmud Arafa (Iordaniýa).

Gözegçi emin: Mohamad Basel Alhajar (Siriýa).

Duşuşygyň komissary: Şun Kitamura (Ýaponiýa).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň