Hoş habar: türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň finalynda!

17:2425.04.2018
0
5963

Şu gün Bangladeşiň Dakka şäherinde Woleýbol boýunça Aziýa çempionatynyň Merkezi zonasynda milli ýygyndymyz Nepalyň ýygyndysy bilen ýarym final duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň netijesi boýunça türkmen woleýbolçylary ýaryşyň ilkinji finalçysy boldular. Duşuşyk türkmen woleýbolçylarynyň 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Milli ýygyndymyz bu çempionatda 2015-nji ýylda çempion bolup görüpdi. Geçen ýyl hem finala çykan türkmen woleýbolçylary finalda Gyrgyzystanyň ýygyndysyndan 1:3 hasabynda ýeňlipdiler. 
Ýarym finalyň ikinji duşuşygyndan soňra, Türkmenistanyň finaldaky garşydaşy belli bolar. Ýaryşyň çempiony ertir geçiriljek final duşuşygyndan soň belli bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň