Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar

10:4225.04.2018
0
6267

Ürgenç şäherinde (Özbegistan) badalga alan agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda şu ýyl Argentinada geçiriljek III Ýetginjekler olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda bäsleşilýär.
50 kilograma çenli agram derejesinde Lebap welaýatyndan türgen Ali Babamyradow kümüş medala mynasyp boldy. Ol silkip we itekläp götermekde ikinji netije görkezdi, şeýle hem iki maşkyň jemleri boýunça ikinji orny eýeläp, Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin kümüş medallaryň üçüsini gazandy.
Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa 48 kilograma çenli agram derejesinde iki medala eýe boldy. Türgen zenan itekläp götermekde ikinji orny, iki görnüşiň jemleri boýunça bolsa bürünç medaly eýeledi.
Aziýa çempionaty dowam edýär. Biziň agyr atletikaçylarymyzyň ýene-de birnäçe üstünlikler bilen begendirjekdiklerine ynanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň