Soňky habarlar

Arhiw

Daşkentde Türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi

23:5624.04.2018
0
8153

24-nji aprelde “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi.
Özbegistanyň Maýa goýumlar baradaky döwlet komiteti hem-de iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan işewürlik duşuşygy netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmeginiň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolup, goňşy döwletleriň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berer.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, oba we suw hojalyk, senagat, awtomobil we demir ýol ulaglary, gurluşyk we binagärlik, energetika, aragatnaşyk, dokma senagaty, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynyň, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” we “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, “Aşgabatsyýahat” we “Lebapsyýahat” syýahatçylyk kärhanalarynyň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Ştrihkodlaşdyrmak boýunça milli guramanyň, Aşgabat we Türkmenbaşy dokma toplumlarynyň, “Türkmenulaggözegçilik” döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy we Himiýa institutlarynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň wekilleri girizildi.
Özbegistanyň paýtagtyna gelenleriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, “Myrat bina gurluşyk”, “Hasar”, “Şerbetli Ak Gar”, “Ak ýaprak”, “Ajaýyp Ussat-Halal Önümleri”, “Owadan Ülke”, “Muhammet-Balkan”, “Ýigit”, “Ak Gaýa”, “Ýüpek Ýol Harytlary”, “Sowukgöz”, “Halys”, “Halk Market” hojalyk jemgyýetleriniň, “Ýüpekçi”, “Nurly Meýdan”, “Derýaplastik”, “Parasatly”, “Berk Ojak” kompaniýalarynyň, “Abadan Haly”, “Hazar balyk” we “Maksat Deri” paýdarlar jemgyýetleriniň, “Hoşzaman”, “Parahat”, “Owadan-Syýahat”, “Zehin”, “Çigildem”, “Biýat”, “Ynamly Belentlik”, “Ukyply Kärdeşler” kärhanalarynyň we köp sanly beýleki hususy düzümleriň ýolbaşçylary we hünärmenleri, hususy telekeçiler bar.
Özbek tarapyndan maslahata döwlet düzümleriniň — Ykdysadyýet, Daşary söwda, Suw hojalygy, Maglumatlar tehnologiýalary we kommunikasiýalary ösdürmek boýunça, Oba hojalygy, Saglygy goraýyş ministrlikleriniň, Maýa goýumlar, Binagärlik we gurluşyk, Syýahatçylygy ösdürmek döwlet komitetleriniň, Gümrük komitetiniň, Daşkent şäheriniň häkimliginiň, Daşary ykdysady iş milli bankynyň, Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem 80-den gowrak iri kärhananyň, holding kompaniýalaryň, energetika ulgamynda ýöriteleşdirilen paýdarlar jemgyýetleriniň, metallurgiýa, howa gatnawlary, demir ýol gatnawlary, nebitgaz, awtomobil, himiýa, derman senagaty, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, azyk önümleri, aýakgap, mebel, dokma, haly, gön, plastik önümler we beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri ýygnananlary milli ykdysadyýeti ähli pudaklara iň täze tehnologiýalaryň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirilmeginiň, hususy telekeçiligiň giňden goldanylmagynyň hasabyna diwersifikasiýalaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyrdylar. Şunda daşary ýurtly, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýa döwletlerinden hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär.
Özbegistan Türkmenistanyň işewür adamlary üçin möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaş bolup durýar. Çäklerinden Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ugurlary geçen ýurdumyzyň telekeçileri bilen barha ösýän gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly ähmiýete eýedir diýip, çykyş edenler nygtadylar.
Işewürler maslahatyna gatnaşyjylara ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazananlary hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Özbegistan Respublikasynyň maýa goýumlary baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri öz işleri bilen tanyşdyrdylar.
Pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň, eksport-import amallaryny, birek-birege iberilýän harytlaryň hem-de edilýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Yzygiderli guralýan sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar, işewür forumlary, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda döredilen Işewürlik geňeşi işewürler düzümlerini ýakynlaşdyrmagyň täsirli guraly bolmalydyr.
Umumy mejlis tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy işewürliginiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirilip, olaryň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze bilelikdäki kärhanalary döretmek hem-de iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki döwletiň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew işewür adamlary bu ugra gönükdirýärler.
Hususan-da, foruma gatnaşan “Uzagrotehmaş”, “Uzbekneftegaz”, “Uzbekowikowkatholding”, “Uzbekgidroenergo”, “Uzbekçarmpoýabzali”, “Ahangaransement”, “Uzawtosanoat”, “Uzawtoýul”, “Uzbekiston Temir Ýullary”, “Uzbekenergo”, “Uzkimýosanoat”, “Uztekstilprom”, “Uzşarobsanoat”, “Uztreýd” paýdarlar jemgyýetleriniň, Nawoýi we Almalyk dag-metallurgiýa kombinatlarynyň, Uzbek metallurgiýa kombinatynyň, kiçi işewürligiň we hususy telekeçiligiň subýektleriniň eksportyny goldamak boýunça gaznanyň, “Sahiý Hamkor”, “Pintak Panel”, “Koksaraý”, “Bektemir matal konstruksiýalary”, “Optima best plast”, “Bahor Plastik”, “Master Bilding Prodakts”, “Sam Silwer Plast”, “Marokand MCM”, «Dentafill Plyus», «Torimed Pharm», «Сhromos Production», «Yaks Quality», «Alimxon Exim Group», «Urgaz Carpet», «Yasham Erkaplan», «Gold Brend Mebel», «Hilton Trade», «Marokand Food Product», «Alviero», «Garant Mebel», «Algoritm Plastik», «Stekloplastik», «Natural Fruit Juice», «Techno Eksport», «East West Invest», «Urgut Elita Servis», «Mega Invest Industrial», «Good Food Group», «Reprocessing.uz», «Milliy Bottlers», «Namangan Porloq Tamirlash Servis», «Classica Shoes International», «Mexmash», «Peng Sheng», «Eko Comfort Elegant», «Toshrabot Textile», «Aji Caps», «Gold Strech», «Omad ZZI», «Krember», «Ice and Gold», «Ziynat Tekstil Servis», «Izopanel», «Comment Pro», «Saver Paints», «Royal Candy», «Art Premium Tex», «Ravshan Yodik Production», «Avangard Prom Stroy» kompaniýalarynyň wekilleri öz tekliplerini we işewürlik pikirlerini taýýarladylar.
Işewürler maslahaty tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar şeýle duşuşyklaryň geçirilmeginiň dowam etdirilmegi baradaky pikiri aýtdylar hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynandyrdylar.
Özbegistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary mahalynda iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça şertnamalara we ähtnamalara gol çekilendigini habar berip, bu forumyň ähmiýetini bellediler. Gol çekilen şertnamalarda ABŞ-nyň 250 million dollaryndan gowrak umumy bahasy bolan bilelikdäki taslamalar göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň