Türkmen woleýbolçylary ýarym finaldan öň bir gün dynç alar

15:2224.04.2018
0
1029

Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysynyň Bangladeşiň Dakka şäherinde geçirilýän Aziýa çempionatynda «B» toparçada birinji orny eýeläp, ýarym finala çykandygyny düýnki habarlarymyzda ýazypdyk.
Bu gün milli ýygyndymyz dynç alar. «B» toparçanyň beýleki wekilleri Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň ýygyndylary bolsa, toparçada ikinji orny eýeläp, ýarym finala çykmak ugrunda göreşerler. Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da başlanar.
Ýarym final duşuşyklary ertir geçiriler. Günüň birinji duşuşygynda «A» toparçanyň ýeňijisi Bangladeşiň ýygyndysy şu günki duşuşygyň ýeňijisi bilen, ikinji duşuşykda bolsa türkmen woleýbolçylary Nepalyň ýygyndysy bilen duşuşar. Biziň ildeşlerimiziň duşuşygy gündiz sagat 16-da başlanar. Eger woleýbolçylarymyz ertirki duşuşykda hem ýeňiş gazanyp bilseler, birigün 14-de başlanjak final duşuşygyna gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Ertirki duşuşyk garşydaş toparyň ýeňşi bilen tamamlansa bolsa, birigün sagat 12:30-da ildeşlerimiz üçünji orun ugrundaky soňky duşuşygyna çykarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň