Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hywa şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek filmini surata düşürmegi teklip etdi

15:1524.04.2018
0
7822

Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilelikde Merkezi Aziýanyň ähmiýetli şäherleriniň biri, Amyderýanyň çep kenarynda, Horezm oblastynyň günorta böleginde ýerleşýän Hywa baryp gördüler.
Bu ajaýyp ýadygärlik-şäher öz sebitiniň medeni nusgasyny doly saklap galan ýer hasaplanýar. Ol 1967-nji ýylda goraghana şäher derejesine eýe boldy, 1990-njy ýylda bolsa Hywanyň bir etraby — Içan-Kala ÝUNESKO tarapyndan dünýä ähmiýetli taryhy ýadygärlik diýlip yglan edildi. Hywanyň ençeme medreseleriniň, metjitleriniň, minaralarynyň we köşkleriniň gözelligi we binagärlik keşbi boýunça ajaýyp binalary Hywa hanlygynyň döwrüne, ýagny XVII — XX asyrlara degişlidir. Bu şäheriň esasy gözellikleri gadymy Içan-Kala galanyň içinde ýerleşýär.
Häzir Içan-kala — bu açyk asmanyň astyndaky muzeý bolup, bu ýerde, 26 gektar meýdana deň bolan ägirt uly çäkde gündogar şäheriniň täsin keşbi saklanyp galypdyr. Ýöne esasy zat toplumyň bu böleginde 300-e golaý maşgala ýaşap, olaryň esasan, dürli senetler bilen meşgullanmagy bolup durýar.
Uzynlygy 2 kilometrden gowrak, beýikligi 10 metre çenli we galyňlygy 5 — 6 metr bolan toýun diwaryň dört derwezesi bolup, ol şäheri gurşap alýar, onuň dört tarapynda — dünýäniň çar künjüne misli ak ýol arzuw edýän derwezeler ýerleşýär. Günbatar derwezeler — Ata derwezesi, Bagça derwezesi Ürgenç şäherine — Horezmiň ozalky paýtagtyna alyp barýar, Pälwan derwezesi Amyderýa tarap ýol açýar hem-de gündogar tarapa uzalyp gidýär, “Taş” derwezesi bolsa günorta tarapa garaýar.
Içan-kalanyň düzümine taryhy desgalaryň 60-a golaýy girýär. Bu ýerde Köne Ark gala, Uly Howly köşgi, 213 sany dik sütüni bolan meşhur Juma metjidi, Hywanyň nyşany — Islam Hoja minarasy we ençeme beýleki täsin taryhy ýadygärlikleri görmek bolýar.
Esasy gözellikleriň biri Muhammet Emin han medresesidir. Bu medrese Hywa hanynyň buýurmasy boýunça 1851 — 1854-nji ýyllarda tutuş Merkezi Aziýanyň çäklerinde gurlan iri medresedir. Iki gatly bina 260 talyba niýetlenendir.
Binanyň depesinde gümmezleriň 5-si hem-de burçdaky diňler belende galýar. Onuň öň ýüzi syrçalanan kerpiçden ajaýyp bezelipdir, agaç gapylar ýüzüne çekilen nagyşlar bilen gözüňi dokundyrýar, çeper keramikaly bezeg serişdeleri owadan nagyşlar bilen ünsüňi çekýär, girelgäniň depesinde bolsa arap dilinde “Bu ajaýyp bina nesilleriň şatlygy üçin baky durar” diýen ýazgy görünýär. Köp sanly wakuf ýerlerine eýe bolup, ozallar iň baý okuw binalarynyň biri bolan desga taryhy keşbini saklapdyr we ýüzýyllyklar geçenden soň hem Hywanyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar.
Medresäniň öň ýanynda şäheriň esasy nyşanlarynyň biri bolan Kelte minara ör-boýuna galýar. Onuň gurluşygyna hem Muhammet Emin han ýolbaşçylyk edipdir. Desganyň binýady 15 metr çuňluga gidýär, binýadynyň diametri 14,5 metre, beýikligi bolsa 29 metre barabardyr. Ýöne bu uly diň öz taslama beýikliginiň diňe üçden bir bölegine laýyk derejede belende galýar. Kelte minaranyň täsin bezelişi bir ýarym asyrdan soň hem ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar: ol dolulygyna syrçalanan gurluşyk serişdeleri we maýoliko bilen bezelip, 1855-nji ýylda hem bolşy ýaly, häzir hem täzeligini we owadanlygyny saklaýar. Şeýle diňler dünýäde başga ýokdur.
1871-nji ýylda Muhammet Rahym han II-niň maliýe ministri Muhammet Nyýaz tarapyndan gurlan Mätniýaz Dowanbegi medresesi hem binagärlik aýratynlygy taýyndan tapawutlanýar. Desga günbatardan gündogara tarap uzalýan gönüburçluk görnüşindedir. Onuň öň tarapy Muhammet Rahym han medresesine tarap bakýar, merkezinde bäşburçly tagçasy hem-de burçlarynda diňleri bolan belent geçelgesi bardyr.
Toplumyň düzüminde on hüjre, dershanalar, gyşky we tomusky metjitler bar. Esasy bezegler medresäniň merkezi girelgesinde, girelge böleginde “islim” diýen ösümlikler şekillendirilen nagyşlary bolan maýolik plitalaryň görnüşinde ýerine ýetirilipdir, şeýle nagyşlar, diňe oýulyp haşamlanyp çekilen nagyşlar girilýän goşa gapyda bar.
“Kozi Kalon” medresesiniň binasy hem owadan bolup, ol Salimiň baş kazysy Ahun han tarapyndan gurlupdyr. Bu ýerde dini derslerden başga-da kanunçylygyň we salgyt salmagyň esaslaryny okadypdyrlar. Gurluşyga Horezmiň meşhur ussalary gatnaşypdyrlar. Häzirki wagtda medresäniň otaglarynda “Horezmiň aýdym-saz sungaty” muzeýi ýerleşip, ol ýerde bu ulgamda gadymy döwürlerden şu günlerimize çenli aýdym-sazyň ösüşiniň taryhyny beýan edýän serişdeleriň 352-si goýlupdyr.
Taryhy gözellikleri synlamagyň barşynda türkmen Lideri bilelikdäki türkmen-özbek filmini surata düşürmek hakynda pikirini beýan etdi. Filmi surata düşürmek üçin şu şäheri saýlap bolar, sebäbi biziň halklarymyzyň baý mazmunly durmuş ýolunda umumy sahypalary az däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň