Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ürgençdäki «Uly howly» galasyna baryp gördi

15:0924.04.2018
0
4752

Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde türkemn döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow özbek Baştutany bilen bilelikde taryhy “Uly howly” galasyna baryp gördi. Merkezi derwezäniň öňünde belent mertebeli myhmanlary Horezm welaýatynyň türkmen-özbek dostluk jemgyýetiniň başlygy D.Rajabow mähirli garşylady.
Ini bir ýarym metre we beýikligi sekiz metre deň bolan galanyň üç asyrdan gowrak taryhy bar. Rejeleýjileriň we taryhçylaryň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün gala Ürgenç etrabynyň syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülip, geçen asyrlaryň hakyky durmuşyna aralaşmak isleýän jahankeşdeleri özüne çekýär. “Uly howlynyň” myhmanlary atlara atlanyp, degirmen daşynda unuň üwelişini görüp, Gündogar aşpezliginiň dürli tagamlaryndan dadyp bilýärler. Şeýle hem bu syýahatçylyk toplumynda milli oýunlar, kuraş göreşi boýunça ýaryşlar we artistleriň çykyşlary guralýar.
Desga bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bu ýerde ýerleşen athana baryp gördüler.
Belent mertebeli myhmanlara ahalteke bedewleri, şol sanda dürli ýaryşlara we bäsleşiklere gatnaşan bedewler görkezildi. Ýeri gelende aýtsak, gadymy däpleri dowam edýän ýerli atşynaslar — Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýarlar.
Şeýle hem iki ýurduň Prezidentleri senetkärleriň ussahanalaryny synladylar.
Galanyň baýlyklary türkmen halkynyň durmuşy barada gürrüň berýär. Binagärlik toplumyň howlusynda däbe öwrülen türkmen ak öýleri dikilipdir. Şeýle hem bu ýerde asyrlaryň dowamynda dünýä tanalan türkmen halylary görkezilýär. Içerki howluda Türkmen-özbek dostluk öýüniň döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde gadymy däp-dessurlar, halk aýdymlary we tanslary janlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň