Arhiw

«Altyn asyr» bilen «Ahalyň» AFK-nyň Kubogyndaky duşuşygynda Iordaniýaly eminler eminlik eder

15:0824.04.2018
0
2380

FIFA-nyň emini Ahmed Faisal Mohammad Al Alynyň ýolbaşçylygyndaky iordaniýaly eminler topary AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň çäginde duşuşýan “Altyn Asyr” bilen “Ahalyň” arasyndaky duşuşykda eminlik ederler. 25-nji aprelde Balkanabat şäherinde geçiriljek  oýunda Ahmed Al Alynyň kömekçileri Issa Mahmud Ahmad Alamawi bilen Mahmud Taher Mohammad Abu-taher bolar. Duşuşygyň ätiýaçdaky emininiň wezipesini FIFA-nyň emini Mahmud Hasan Mahmud Arafah (Iordaniýa) ýerine ýetirer. Bu duşuşygyň gözegçi emini Mohamad Basel Alhajjar (Siriýa), duşuşygyň komissary ýaponiýaly Şun Kitamura bolar.
Geçen ýyl 30 ýaşly Mohammad Al Aly Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde duşuşan Singapuryň hem-de Hytaý Taýpeýiniň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda eminlik edipdi. Şol duşuşyk 2:1 hasabynda Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlanypdy. Bu toparçada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem çykyş edendigini ýatladýarys. Ýeri gelende aýtsak, Mohammad Al Aly şu ýylyň fewralynda AFK-nyň Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Balkanabatda “Ahal” bilen täjikleriň “Hujand” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda hem eminlik edipdi. “Sport toplumy” stadionynda geçirilen duşuşykda “Ahal” 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.
“Altyn Asyr” bilen “Ahal” toparlarynyň AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň çägindäki duşuşyk 25-nji aprelde sagat 17:30-da Balkanabat şäheriniň “Sport toplumy” stadionynda geçiriler.

Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň