AFK-nyň wekiliýeti iş sapary bilen paýtagtymyza geldiler

15:0624.04.2018
0
836

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFK) agza assosiasiýalaryny ösdürmek müdirliginiň hünärmeni Ýogeş Desai Şrikat 23-25-nji apreli aralygynda iş sapary bilen Türkmenistanda bolar. Ýogeş Desai iş saparynyň dowamynda ýurdumyzda futboly ösdürmek babatynda gepleşikleri geçirer. Onuň çäklerinde futbol taslamalary, fuboly ösdürmek babatynda işlenip düzülen meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşylar.

***

2016-2020-nji ýyllar aralygynda Aziýada futzaly ösdürmek boýunça meýilnamanyň çäklerinde 23-27-nji apreli aralygynda AFK-nyň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Wekiliýetiň düzüminde paýtagtymyza gelen AFK-nyň tehniki bölüminiň futzaly we kenarýaka futboly ösdürmek boýunça başlygy Ali Targholizade, şol bölümiň hünärmeni Jakob Josef Biggs we iş dolandyryjysy Abdul Aziz Kifah ýurdumyzda futzaly, kenarýaka we zenanlar futboluny ösdürmek babatynda gepleşikleri geçirerler.

Çeşme: “tff.com.tm”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň