Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ürgenç şäherinde Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

12:4224.04.2018
0
7996

Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde türkemn döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina şäheriň “Turkmanlar mahallasi” etrabynda açyldy. 
Dostluk öýüniň resmi taýdan açylyş dabarasyndan öň beýik türkmen şahyry, çeper söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy. 
Gündogar binagärliginiň nusgasynda gurlan ak mermerli Türkmen-özbek dostluk öýi özünde uzak geçmişiň we häzirki döwrüň binagärlik däplerini utgaşdyrýar. Bu möhüm jemgyýetçilik desgasyny gurmagyň esasy maksady — iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlugy berkitmek bolup durýar.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew kitaphana bardylar, bu ýerde edebiýat ýygyndysy bilen tanyşdylar. Bu ýerde okyjylara hyzmat etmek üçin ähli şertler döredildi. Diňe Horezm döwletiniň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň taryhynyň dürli döwürlerine degişli monografiýalar gaznanyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Baştutanynyň ylmy işlerine we çeper eserlerine aýratyn orun berildi.
Soňra sergi zalynyň ekspozisiýasy bilen tanyşlyk dowam etdi, ol Türkmenistanyň we Özbegistanyň şöhratly geçmişi we şu güni barada gürrüň berýän suratlardan, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden ybarat bolup durýar. Bu ýerde türki taýpalaryň medeniýetiniň ösmeginde möhüm orun eýelän Horezmiň taryhyna bagyşlanan, milli senetçilige, halk çeper senetlerine degişli dürli gymmatlyklar, suratlar görkezilýär.
Döwlet Baştutany Dostluk öýüniň işgärleri tarapyndan ýygnalan muzeý gymmatlyklary, täsin dokumental çeşmeler bilen tanşyp, maddy gymmatlyklaryň köp asyrlyk taryhy öwrenmekde ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz halklarymyzyň medeniýetleriniň özara baýlaşyp, ählumumy bähbitlere, gatnaşyklaryň berkemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. 
Dürli forumlary geçirmek üçin köp orunlyk maslahatlar zaly hem göz öňünde tutulypdyr. Dostluk öýüniň iki doganlyk halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekde ähmiýetini bellemek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň