Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy öz işine başlady

12:0824.04.2018
0
3991

Paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.
Mejlisiň dowamynda ulag pudagynyň milli ykdysadyýetiň ösüşine hyzmat edýändigi we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda işjeň hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda möhümdigi bellenildi. Bu gatnaşyklar dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak esasynda alnyp barylýar. Biziň döwletlerimiziň Ýewropa bilen Aziýanyň aralygynda çäk taýdan amatly ýerleşmegi esasy aýratynlyk bolup durýar. Bu bolsa üstaşyr gatnawlar, logistik hyzmatlary ýola goýmak babatda ägirt uly mümkinçilikleri açýar.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ulaglaryň dürli görnüşleriniň özara gatnaşyklaryny we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, hyzmatdaşlygyň tehnologik çyzgysyny taýýarlamak, ugurdaş gümrük kanunçylygy, töleg syýasaty, üstaşyr ýükleri hasaba almak çärelerini ýönekeýleşdirmek ýaly multimodal gatnawlaryň sebitleýin utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejede boljak duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurlary boýunça ägirt uly işleriň geçirilendigini bellediler. Täze ylalaşygyň taslamasy boýunça pikirleri ylalaşmak çäresi tamamlanyp barýar. Oňa gol çekilmegi bolsa sebitiň ýurtlarynyň ulag ulgamlarynyň utgaşdyrylmagynda möhüm waka öwrüler hem-de strategik taýdan wajyp hasaplanýan ulag ulgamyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň