Özbegistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň giň möçberli sergisi açyldy

11:0524.04.2018
0
7201

23-nji aprelde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Uzeksposentr” Milli sergi kompaniýasynyň bilelikde guran ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişiň baş maksady dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi bolup durýar. Özbegistanyň paýtagtynyň iri sergi toplumynyň zallarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetini, onuň maýa goýum we eksport kuwwatyny ösdürmekde ýeten sepgitlerini we mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ýardam berer.
Iri döwlet düzümleriniň we hususy bölegiň kärhanalarynyň gatnaşýan Türkmenistanyň Milli sergisi milli ykdysadyýetimiziň görlüp-eşidilmedik möçberlerde döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, ähli ulgamlarda innowasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň netijelerini aýdyň görkezýär. “Uzeksposentriň” bölümleri pudaklaryň gazananlary, bäsdeşlige ukyply we dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleriň, täze harytlaryň hem-de hyzmatlar ulgamynda teklipleriň giň görnüşleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Energetika we senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, gurluşyk senagaty, ulag we logistika, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, oba hojalygy, himiýa, dokma we azyk pudaklary, haly dokamak, lukmançylyk we derman senagaty, ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ýaly ähli ulgamlarda gazanylan belent sepgitler owadan bezegli diwarlyklarda, maglumat serişdelerinde — neşir toplumlarynda, kitapçalarda we žurnallarda öz beýanyny tapdy.
Ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň binýatlaýyn pudagy bolan ýangyç-energetika toplumy öz düzümlerinde, şol sanda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerinde, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gazanylan üstünlikleri görkezýär. Serginiň giň möçberli bölümlerinde ägirt uly taslamalaryň — örän baý “Galkynyş” gaz ýatagyny işläp taýýarlamagyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmegiň barşy barada gürrüň berilýär.
Türkmenistanyň nebithimiýa pudagynyň öndürýän ýokary oktanly benzinleriniň, uçar kerosininiň, dizel ýangyjynyň, nebit koksynyň, suwuklandyrylan gazyň, polipropileniň, tehniki çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri giňden görkezilýär. Gazy gaýtadan işleýän ulgamda, polietilen we polipropilen, şeýle hem sintetiki benziniň önümçiligi boýunça gazhimiýa ýokary tehnologiýaly toplumlaryň gurluşygy boýunça taslamalaryň geljegi uludyr, olaryň gurluşygyny şu ýyl tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Halk hojalygynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin sulfat we ýod önümleriniň, mineral dökünleriň önümçiligi himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda durýar. Karbamid senagaty hem, şol sanda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýan gazhimiýa toplumynyň hasabyna mümkinçiliklerini artdyrýar.
Ýurdumyzda gatnawlaryň utgaşykly ulgamy üstünlikli kemala getirilýär, ol iri halkara we sebit deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykmagy üpjün edýän howa we ýerüsti geçelgeleri birleşdirýär. Bu barada ulag-logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhanalaryň diwarlyklary arkaly düýpli gürrüň berilýär. Maý aýynyň başynda açylmagy meýilleşdirilýän Hazaryň kenaryndaky täze Halkara deňiz portunyň işe girizilmegi “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän 2018-nji ýylyň şanly wakalarynyň biri bolar.
Gurluşyk senagaty we ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda Ahal welaýatynda iň häzirki zaman “Türkmenaýnaönümleri” kärhanasynyň gurluşygy ýaly iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy, bu kärhana “Float” tonirlenen, laminirlenen, taplanan aýnalaryň, şeýle hem, aýna paketleriň hem-de azyk we lukmançylyk senagaty üçin dürli aýna gaplaryň önümçiligine ýöriteleşdirilendir.
Bu ýokary hilli önümler eýýäm daşary ýurtly sarp edijileriň gyzyklanmasyna eýe boldy. Ýeri gelende bellesek, hut özbek hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen türkmen aýna önümlerini satyn almagyň möçberleri boýunça öňdäki orny eýeleýärler. Goňşy döwletden “Discount Glass Sale” kompaniýasy bahasy bir million dollardan geçýän ýarym million inedördül metrden gowrak reňksiz aýna satyn aldy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýerli hünärmenleriň güýji bilen önümçilik we durmuş maksatly häzirki zaman binalaryň we toplumlaryň, ähli amatlyklar döredilen ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň we bilim edaralarynyň, lukmançylyk merkezleriniň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar, olar dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň myhmanlary häzirki wagtda Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hasaplaýarlar, onuň tanalmaz derejede özgeren keşbi binagärlik aýratynlygy we milli öwüşgini bilen haýran galdyrýar.
Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini görkezýär. Nah-mata we ýüpek, tikin we trikotaž önümleriniň dürli görnüşleri ýokary hili we ajaýyp bezegi, milli ýörelgelere eýerýändigi bilen tapawutlanýar. Owadan gölli we häzirki zaman bezegli elde dokalan haly önümleri, şeýle hem halyçylyk pudagynda iş alyp barýan köp sanly telekeçileriň dürli sowgatlyk, halk amaly-haşam sungatynyň önümleri gelýänleriň aýratyn ünsüni özüne çekdi.
Obasenagat toplumynyň we balyk hojalygynyň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeleýär, olarda dürli görnüşli ýokary hilli et, süýt, aş we süýji-köke önümleri, ösümlik ýaglary, çaga iýmiti, balyk we gök-bakja önümleri görkezilýär. Ýurdumyzyň bazarlarynda hakyky azyk bolçulygynyň döredilmeginiň aýdyň subutnamasy bolan bu diwarlyklar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän hem-de ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen bu ulgamdaky ykdysady özgertmeleriň gerimini açyp görkezýär. Bu önümleriň ählisiniň kabul edilen halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda ekologiýa we estetiki ölçeglere laýyk gaplarda ýerleşdirilendigini we özboluşly bezegini bellemek gerek.
Hususy telekeçiligiň wekilleri döwletimiziň durnukly ösüşine goşýan goşantlaryny yzygiderli artdyrmak bilen, halk hojalygy toplumynyň dürli önümçilik ulgamlarynda barha öňdäki orunlary eýeleýärler. Ýurdumyzyň telekeçileri oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we azyk senagaty, dokma we mebel önümçiligi, durmuş himiýasy, çaphana işi, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny we senagat desgalaryny gurmak ýaly dürli ulgamlarda ýöriteleşýärler.
Döwlet strategik maksatnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna Aşgabady gurmagyň iri taslamalaryny durmuşa geçirmek, Lebap welaýatynda Týubigatan kaliý duzlary käninde kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň, şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we beýleki desgalaryň gurluşygy ynanyldy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalary, şol sanda “Türkmendermansenagat” birleşigi derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň görnüşlerini ýyl-ýyldan artdyrýarlar.
Sergide ylym we bilim ulgamy hem ýeten sepgitlerini görkezýär, ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Ylymlar akademiýasy ýurdumyzyň alymlarynyň gazanan üstünliklerini, mümkinçiliklerini, geljegi uly işläp taýýarlamalaryny görkezip, milli ylmy mekdebiň iň täze ylmy we tehnologiýa gazananlaryna ünsi çekýär.
Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bu ýere gelýänleri Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň örän giň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri we tebigy goraghanalary bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ugurlary barada doly maglumat alyp bolýar.
Türkmenistanyň Milli sergisi Özbegistanyň döwlet düzümleriniň we işewürler toparlarynyň wekilleriniň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň giň mümkinçiliklerini görkezmek, olaryň önümlerini daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Iki günlük sergi, şeýle hem ertir, 24-nji aprelde geçiriljek türkmen-özbek işewürler maslahaty täze telekeçilik gatnaşyklaryny, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Sergä gatnaşyjylara we oňa gelip görýänlere türkmen halkynyň örän baý medeni mirasyna aralaşmak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen tanyşmak mümkinçiliginiň döredilendigi örän buýsançly ýagdaýdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň