Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň Daşkentdäki ýadygärligine gül goýdy

23:4123.04.2018
0
8368

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany Magtymguly Pyragynyň Daşkendiň merkezindäki ýadygärligine gül goýdy.
Mälim bolşy ýaly, beýik şahyr we akyldar Magtymgulynyň adyny göterýän köçäniň ugrunda ýerleşýän bu ýadygärlik 2017-nji ýylyň 18-nji maýynda, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iş saparynyň öňüsyrasynda açyldy.
Özbek heýkeltaraşynyň bürünçden taýýarlan ýadygärligi iki goňşy döwletiň halklarynyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň öz köküni gadymdan alyp gaýdýandygyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň esasy bölegine öwrülen türkmen şahyryny hatyralap, ýadygärlige ajaýyp gül desselerini goýdular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň