Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň ýarym finalynda

19:2623.04.2018
0
4512

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy Bangladeşiň dakka şäherinde geçirilýän aziýa çempionatyna gatnaşýarlar. Çempionatdaky ilkinji duşuşygyny düýn Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen geçiren türkmen woleýbolçylary 3:0 hasabynda ýeňiş gazandylar. Has takygy, birinji döw 25:23, ikinji döw 35:33, üçünji döw 28:26 hasabynda biziň ildeşlerimiziň peýdasyna tamamlandy. 
Şu gün Türkmenistanyň ýygyndysy «B» toparçadaky ikinji duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy. Ertir toparçada ikinji orny gazanmak ugrunda Özbegistanyň hem-de Gyrgyzystanyň ýygyndylary özara duşuşyk geçirerler.
Ýaryşyň «A» toparçasynda Bangladeş birinji, Nepal ikinji orny eýeledi. Şeýlelikde, biziň woleýbolçylarymyzyň ýarym finaldaky garşydaşy Nepalyň ýygyndysy bolar.
Ýarym final duşuşyklary 25-nji aprelde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň