Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetiniň arasynda ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi

17:2323.04.2018
0
7483

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
2018 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllarda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada Maksatnama; 
Serhetýaka sebitlerde ýerleşen hojalyk desgalaryna hyzmat edýän adamlaryň türkmen-özbek serhedinden geçmegi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2004-nji ýylyň 19-njy noýabryndaky Ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Teswirnama; 
«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda çagalaryň şypahana-sagaldyş bejergisi hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 
Ammiak selitrasyny üstaşyr geçirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sebitara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; 
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019-njy ýylda hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasyna; Türkmenistanda we Özbegistan Respublikasynda Söwda öýlerini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary söwda ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; 
Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
Ösümlikleriň karantini boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ösümlikleriň karantini boýunça döwlet inspeksiýasynyň arasynda Ylalaşyga; 
Işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda Ylalaşyga; 
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bilen «Uzstandart» agentliginiň arasynda 2018-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmegiň çäreleriniň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Teswirnama; 
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary Federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Bu uly resminamalar toplumynyň şu gün döwlet Baştutanymyzyň goňşy ýurda bolan döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen beýleki resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň radio gulluklary tarapyndan ulanylýan 29,7 — 960,0 MGs radioýygylygy zolagynda alnan radioýygylyklary sazlamagyň tehniki esaslary boýunça Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalaryny ösdürmek we kommunikasiýalar baradaky ministrliginiň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Özbegistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.
Resminamalaryň birnäçesi bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga degişlidir, has takygy olar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny öz içine alýar. 
Ol resminamalar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Buhara inžener-tehnologiýalar institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Islam Karimow adyndaky Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Awtomobil ýollaryny taslamak, gurmak we ulanmak boýunça Daşkent institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent döwlet agrar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent irrigasiýa we meliorasiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 

Türkmen oba hojalyk instituty bilen Daşkent döwlet agrar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 
Türkmen oba hojalyk instituty bilen Samarkant oba hojalyk institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 
Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Daşkent döwlet tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; 
Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Daşkent maliýe institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Buhara döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Özbek döwlet dünýä dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; 
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy instituty bilen Daşkent binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamadyr.
Şunuň bilen baglylykda, bu gezekki ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde ilkinji gezek ýaşlar, kärdeşler arkalaşyklary, zenanlar guramalary hem-de teleýaýlymlar derejesindäki resminamalara gol çekilendigini aýratyn bellemeli. Ýokary okuw mekdepleriniň derejesindäki birnäçe Ylalaşyklara we Ähtnamalara hem gol çekildi. Munuň özi köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň täze usullaryny we ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin pugta binýadyň döredilmegine ýardam edýär hem-de goňşy ýurtlaryň doganlyk haklaryny has-da ýakynlaşdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň