Soňky habarlar

Arhiw

Belarusyň ýokary okuw mekdepleri Aşgabatda «Bilim ýarmarkasyny» geçirer

09:3923.04.2018
0
10477

25-27-nji aprel aralygynda Aşgabatda Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň «Bilim ýarmarkasy» geçiriler. Bu dabara Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda bolar.
Ýarmarka Belarusyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şol sanda Belarus döwlet uniwersiteti, Belarusyň Döwlet ykdysadyýet uniwersiteti, Belarusyň Milli tehniki uniwersiteti ýaly meşhur ýokary okuw mekdepleri hem bar.
Aşgabatda geçiriljek tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde türkmen ýaşlary Belrusyň ýokary okuw mekdepleri barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp bilerler. Häzirki wagtda bu dostlukly döwletde türkmenistanly talyp ýaşlaryň 8 müňden gowragy bilim alýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň