Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatyna ýeňiş bilen başladylar

09:2823.04.2018
0
7463

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler Bangladeş Respublikasynda woleýbol boýunça zonalaýyn Aziýa çempionaty geçirilýär. Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy yklym ýaryşynda Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň ýygyndylary bilen birlikde «B» toparçada ýaryşýar.
Däbe öwrülen yklym ýaryşynda 2015-nji ýylda ýeňiji bolan türkmen woleýbolçylary bu gezek ýaryşa ýeňiş bilen girişdiler. Düýn ilkinji duşuşygyny gyrgyz woleýbolçylary bilen geçiren ildeşlerimiz garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňdiler.
Şu gün milli ýygyndymyz toparçadaky ikinji duşuşygyny geçirer. Bu duşuşyk özbek woleýbolçylary bilen bolar. Her toparçadan iki milli ýygyndynyň ýarym finala çykmak mümkinçiliginiň bardygyny ýatlatsak, türkmen woleýbolçylary ýarym finala barýan sepgidiň eýýäm ýaryny geçdi diýip bileris.
Düýnki duşuşygyň öňüsyrasynda Gyrgyzystanyň «sport.akipress.org» saýtynda gyrgyz woleýbolçylarynyň baş tälimçisi bilen söhbetdeşlik ýerleşdirildi. Baş tälimçi şol söhbetdeşlikde hem türkmen woleýbolçylarynyň güýjüne ýokary baha berip, ýarym final ugrundaky göreşde olaryň esasy garşydaş boljakdygyny nygtady.
Bu günki Türkmenistan — Özbegistan duşuşygy sagat 14:00-da başlanar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň