Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň MOK-nyň Prezidenti wezipesine saýlanyldy

09:0923.04.2018
0
9682

Ýakynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirildi. Onda MOK-nyň Prezidentini we beýleki ýolbaşçylaryny saýlamak meselesine seredildi.
Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow birazgydan saýlanyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we sport toplumlary boýunça orunbasary Pürli Agamyradow Prezidentiň birinji orunbasary wezipesine saýlandyldy. Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýew bolsa Prezidentiň ikinji orunbasary boldy. A.Myradow komitetiň baş sekretary wezipesinde galdyryldy.
Şondan soňra Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary milli federasiýalaryň ýolbaşçylaryny saýlamak meselesine hem seretdiler. Olar şu mejlisde resmi taýdan federasiýalara berkidildi.
Şeýle hem komitetiň 2016-2017-nji ýyllarda alyp baran işleri barada hasabat diňlenildi. Olimpiýa Hartiýasynyň we Halkara Olimpiýa komitetiniň düzgünnamalaryna laýyklykda komitete täze wekiller kabul edildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we sportuň görnüşleri boýunça federasiýalaryň öňünde uly wezipe — türgenleri 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna güýçli depginde taýýarlamak we ýurdumyza olimpiýa medalyny getirmek wezipesi dur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň