Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2018: "Altyn asyr" "Merwiň" derwezesine-de ýol tapmady

23:5521.04.2018
0
4591

Türkmenistanyň bassyr dört gezek çempiony, Aragatnaşyk ministrliginiň "Altyn asyr" futbol topary milli birinjilikdäki soňky iki duşuşygynda garşydaş derwezelere ýekeje pökgi hem geçirip bilmedi. 2-nji tapgyryň senesi üýtgedilen duşuşygynda "Ahaldan" 0:1 hasabynda ýeňlip, möwsümde ilkinji gezek utulyşa sezewar bolan "aragatnaşykçylar" 7-nji tapgyryň duşuşygynda-da utuk ýitirdiler. Topar bu tapgyrda Baýramaly şäherinde geçirilen duşuşykda "Merwiň" myhmany boldy. Duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 25-nji aprelde Balkanabatda "Ahal" bilen geçirljek AFK-nyň kubogynyň çägindäki duşuşygyna soňky iki taýýarlygy hem şowsuz netije bilen tamamlandy. Ikinji bir tarapdan bolsa topar ätiýaçdaky duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp, ýaryş tertibiniň başyna geçip bilmek mümkinçiligini häzirlikçe ýitirdi.

"Merw" bilen deňlikde tamamlanan duşuşykdan soňra häzirki çempion üçünji orunda galdy. Bäş duşuşykdan 10 utuk toplan bilen "Altyn asyr" ýaryş tertibiniň ilkinji iki ornundaky "Ahal" bilen "Merwden" 1 utuk yzda barýar. Ýöne "Merw" 11 utugy 7 duşuşykdan soň ýygnady.

"Altyn asyr" bilen "Merwiň" arasyndaky bu duşuşygyň "Ahal" üçin bähbitli bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şu tapgyrda "Energetik" bilen geçirilmeli duşuşygy 23-nji maýa süýşürilen hem bolsa, "Ahal" öňdebaryjylygy elden gidirmedi. Elbetde, bu "üstünlikde" şu tapgyrda utuk ýitiren esasy bäsdeşleriniň — "Altyn asyryň", "Merwiň" we "Şagadamyň" "uly paýy" bar.

Soňky üç tapgyrda şowsuz çykyş eden paýtagtymyzyň adybir topary bu gezek janköýerlerini begendirdi. "Aşgabat" stadionynda Türkmenbaşy şäheriniň "Şagadamy" bilen geçirilen duşuşyk paýtagtyň toparynyň 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň şägirtleri bu ýeňşi Pimyrat Gazakowyň we Ilýas Minhairowyň duşuşygyň ikinji ýarymynda (51-nji we 61-nji minutlarda) geçiren pökgüleri bilen gazandylar.

Balkanabat şäheriniň "Balkany" bolsa tapgyrda öz meýdanynda geçiren duşuşygynda ýeňlip, ýaryş tertibiniň iň soňky basgançagyna düşdi. Toparyň garşydaşy — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň "Köpetdagy", şeýlelikde, şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy. 2;3 hasabynda myhman toparyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda "Balkanyň" pökgülerini Azat Garajaýew (12-nji minutda) we Ilýa Kirilenko (90-njy minutda) geçiren bolsa, "Köpetdag" Gahrymanberdi Çoňkaýewiň (14-nji minutda), Ýakup Maksatowyň (49-njy minutda) we Ilýa Salowyň (83-nji minutda) geçiren pökgüleri bilen ýeňiş gazandy.

Bu ýeňiş Said Seidowyň şägirtlerini ýaryş tertibiniň 7-nji ornuna çykardy. Tapgyryň "Energetik" bilen "Ahalyň" arasynda geçirilmeli jemleýji duşuşygy, ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, 23-nji maýa geçirildi. Çempionatyň sekizinji tapgyry bolsa 27-nji aprelde geçiriljek "Aşgabat" — "Balkan" duşuşygy bilen başlanar.

Ýedinji tapgyryň netijeleri:

 “Balkan” – “Köpetdag” – 2:3

Gollar: Azat Garajaýew 22, Ilýa Klimenko 90 (“Balkan”) – Gahrymanberdi Çonkaýew 14, Ýakup Maksatow 49, Ilýa Salow 83 (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: Akmämmet Metdäýew 4 (“Balkan”) – Döwlet Seýitmuhammedow 33 (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş)

Duşuşygyň emini: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: Konstantin Korotkow (Aşgabat ş)

Tomaşaçylar: 300

 

 “Aşgabat” – “Şagadam” – 2:0

Gollar: Pirmyrat Gazakow 51, Ilýas Minhairow 61 (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: Nikita Gorbunow 14 (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew (Aşgabat ş)

Gözegçi emin: Serdar Ýaryýew (Türkmenabat ş)

Tomaşaçylar: 300

 

“Merw” – “Altyn Asyr” – 0:0

Duýduryşlar: Serdar Annamämmedow 18, Azat Orazmuhammedow 20, Amangeldi Saparow 43 (“Merw”) – Furkat Tursunow 63 (“Altyn Asyr”)

Geçirilýän ýeri: “Sport desga”  stadiony (Baýramaly etr.)

Duşuşygyň emini: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat ş)

Gözegçi emin: Allaberen Sapaýew (Daşoguz ş)

Tomaşaçylar: 500

 

 “Energetik” – “Ahal” (Geçirilen 23.05.2018 ý.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň