Türkmenistanyň çagalar tans topary Türkiýede geçirilen festiwala gatnaşdy

23:3321.04.2018
0
13359

Ýakynda Türkiýäniň Bursa şäherinde 40-njy "23 Nisan" ("23-nji aprel") halkara festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistandan "Şatlyk" çagalar tans topary gatnaşdy. Türkiýäniň TRT teleradiokompaniýasy tarapyndan geçirilen festiwala dünýäniň 40 döwletinden 800 töweregi çaga gatnaşdy. Olar festiwalyň çäginde öz döwletleriniň tanslaryny ýerine ýetirdiler diýip, ORIENT habarlar agentligi ýazýar.

Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň "Şatlyk" tans topary ozal hem halkara bäselşiklerdir festiwallaryň birnäçesine gatnaşdy. "23 Nisan" halkara çagalar festiwaly bolsa ilkinji gezek 1979-njy ýylda geçirildi. Onuň maksady, dürli döwletleriň çagalaryny sungatyň üsti bilen dostlaşdyrmakdan ybarat. Bu festiwal geçen ýyllarda Türkiýäniň Stambul, Antalýa, Bursa, Gaziantep, Newşehir ýaly köp sanly şäherlerinde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň