Soňky habarlar

Arhiw

"Kyzylkum" Türkmenistanly legioneriň jerime urgusyndan soň ýeňiş gazandy

11:4321.04.2018
0
4605

Özbegistanyň futbol çempionatynyň Superligasynda ildeşimiz Artur Geworkýanyň çykyş edýän "Kyzylkum" topary 7-nji tapgyryň duşuşygynda "Neftçini" 1:0 hasabynda ýeňdi. 

Duşuşygyň bäşinji minudynda türkmenistanly legioneriň jerime urgusyndan derwezä tarap gönükdiren pökgüsini onuň topardaşy Georgiý Kwesieşwili tora girizdi. Duşuşykda şundan başga gol bolmady. Şeýlelikde, Artur Geworkýan we topardaşlary şu möwsümde öz meýdanyndaky ilkinji ýeňşini gazandylar. Duşuşykda ildeşimiz 90 minutlap meýdanda galdy.

Bu ýeňişden soň 7 oýunda 6 utuk toplan "Kyzylkum" ýaryş tertibiniň 9-njy ornuna çykdy. Türkmenistanly janköýerleri begendirýän esasy aýratynlyk bolsa şu tapgyrda özbek ligasynda çykyş edýän iki ildeşimiziň hem toparynyň ýeňşine goşant goşanlygydyr. Ozal hem habar berşimiz ýaly, "Buhoroda" futbol oýnaýan ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow hem şu tapgyrda iki gol geçiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň