Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara çäreleriň birnäçesi geçiriler

11:0721.04.2018
0
8832

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahat, halkara sergi-ýarmarka, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşik, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary we däp bolan at çapyşyklar geçiriler. “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry bolar.

Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji aprelde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň