Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

11:0321.04.2018
0
5918

20-nji aprelde  Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Döwlet Baştutany şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigi barada aýdyp, Türkmen bedewiniň baýramyny geçirmek, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny açmak bilen bagly geçiriljek çärelere ünsi çekdi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanyna:

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmegiň meýilnamasy;

ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy;

Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz portunyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk;

2-nji maýda geçiriljek möhüm çärä — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara foruma taýýarlyk görlüşi;

bank edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de “Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler;

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görlüşi;

önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar esasynda daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan alnyp barylýan nebit işlerine gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek, daşary ýurt maýa goýumlary bilen baglanyşykly taslamalary ykdysady taýdan esaslandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän işler;

daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, täze tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna önümçilik düzümini berkitmek boýunça geçirilýän işler;

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ammiak we azot dökünlerini öndürýän “Tejenkarbamid” zawodynyň durkuny täzelemek hem-de döwrebaplaşdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler;

Energetika ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler;

şu ýylyň 30-njy sentýabry — 5-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri;

bilim we ylym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, saglygy goraýşy we sporty has-da ösdürmek, işleri alyp barmakda öňdebaryjy halkara tejribäni hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler;

Türkmenistanyň Mejliisniň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri hem-de milli parlamentiň häzirki kanunçykaryjylyk işleri barada hasabatlar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň