Soňky habarlar

Arhiw

Awazada ulag we logistika ulgamy boýunça halkara forum geçiriler

02:1721.04.2018
0
4732

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji aprelde geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna 2-nji maýda geçiriljek möhüm çärä — “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara foruma taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen guramaçylyk topary döredildi hem-de degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy.

“Awaza” kongresler merkezinde geçiriljek foruma abraýly halkara guramalaryň, birnäçe ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar. Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, şu maksat bilen portlaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň