Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Migel Dias-Kaneli gutlady

23:4220.04.2018
0
3441

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Migel Dias-Kanele Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Migel Dias-Kanele berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Kuba Respublikasynyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň