Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyň «B» toparçasynda ýaryşýar

12:2020.04.2018
0
7833

Ertir Bangladeş Respublikasynyň Dakka şäherinde Woleýbol boýunça Aziýa çempionatyna badalga berler. Bu ýaryşa Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli ýygyndysy hem gatnaşýar.
27-nji aprele çenli geçiriljek ýaryşa türkmen futbolçylary merkezi zonada gatnaşarlar. Merkezi zona yklym ýaryşynda «B» toparçany emele getirdi. Bu toparçada ildeşlerimiziň garşydaşlary Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň woleýbolçylary boldular. «A» toparçada bolsa ýer eýeleriniň, Maldiwleriň we Nepalyň ýygyndylary bar.
Her toparçada birinji, ikinji orunlary eýelän ýygyndylar ýarym finala çykarlar.
Türkmen woleýbolçylary toparçadaky ilkinji duşuşygyny 22-nji aprelde Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen geçirer. Özbek woleýbolçylary bilen duşuşyk bolsa 23-nji aprelde bolar. Duşuşyklaryň ikisi hem Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 14:00-da başlanar. Ýarym final duşuşyklary 25-nji aprelde, üçünji orun ugrundaky we final duşuşyklary 27-nji aprelde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň