Soňky habarlar

Arhiw

Röwşen Meredow: «Ahal» AFK-nyň kubogyndaky göreşine entek nokat goýanok»

16:5018.04.2018
0
4891


Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy urgundaky ýaryşda şu ýyl ýurdumyza iki topar wekilçilik edýär. Bu ýagdaý türkmen futboly üçin täzelik däl. Bu ýaryşa ozal hem birnäçe ýola iki toparymyz bilen gatnaşyp görüpdik. Iň esasy täzelik bolsa şu ýyl toparlarymyzyň ikisiniň hem bir toparçada, biri-birine bäsdeş bolup çykyş edýändigidir. Ýakynda AFK-nyň kubogy — 2018 yklym ýaryşynda Watanymyzyň sport abraýyny goraýan toparlarymyz — «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol toparlary biri-biri bilen duşuşdylar. Bu duşuşygyň 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanandygyny ozal hem habar beripdik.
Bu duşuşykdan bir hepde soňra «Ahal» bilen «Altyn asyr» milli çempionatymyzda hem özara duşuşdylar. 26-njy gezek geçirilýän milli birinjiligiň 2-nji tapgyrynyň çägindäki bu duşuşyk «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, «Ahal» edil geçen ýylyň agramly böleginde bolşy ýaly, ýene-de ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna geçdi.
Ýöne biziň toparyň baş tälimçisi Röwşen Meredow bilen esasy gürrüňimiz AFK-nyň kubogyndaky soňky duşuşyk we geljekki maksatlar barada boldy.
— Käbir duşuşyklarda ýekeje geçirilen pökgüsi indiki üstünlikleriň çilesini açýar, ýöne şol pökgini geçirmek juda kyn düşýär. Käte bolsa başartmaýaram. AFK-nyň kubogynda «Altyn asyr» bilen geçiren duşuşygymyz hem şeýle boldy. Biz duşuşygyň iki ýarymynda-da hasaby açmak üçin göreşdik, ýöne netijesiz hüjümler we ýokary depgin azda-kände göwnüçökgünlige, ruhdan düşmäge-de getirip bilýär — diýip, baş tälimçi bu duşuşyk hakdaky pikirlerini paýlaşýar. — «Altyn asyr» — örän gowy topar. Duşuşyk iki toparyň hem garşydaşa goýan ýokary derejedäki hormatyna beslendi. Hasabyň açylmandygy bolsa duşuşygyň gyzykly bolmandygyny görkezýär. Oýnuň juda çekeleşikli geçendigini janköýerler hem görendir. Munuň hem özüne ýetik sebäbi bar, duşuşygyň netijesinde ýeňlen topar matematiki hasap boýunça-da toparçadan çykmak mümkinçiligini has howply ýagdaýa saljakdy. Şonuň üçin duşuşyk dowamynda kä ýagdaýda, gerek bolsa, töwekgelçilik etmäge çenli baryp ýetdik. Bu bolsa ýüz göterim hasap açylyp boljak pursatlaryň döremegine-de getirdi, ýöne, diňe bize däl, iki topara-da şowlulyk ýetmedi.
— Garaz, ýeňiş üçin nämedir bir zatlar ýetmändir, ýogsa-da, siz gazanylan netijeden razymy?
— Käbir ýagdaýlara «oýny okap bilmek» ýetmedi. Bize hasaby açmaga gowy mümkinçilikler döredi, ýöne, ýaňam aýdyşym ýaly, şowlulyk biziň tarapymyzda bolmady. «Ol bizi terk etdi» diýibem bolmaz. Sebäbi utulmadyk, diýmek, toparçadan çykmak mümkinçiligimiz dowam edýär. Bary-ýogy birje ýeňiş bilen toparçanyň öňdebaryjysy bolmaga mümkinçiligimiz bar. Men, gazanylan netijä garamazdan, futbolçylaryň oýnundan razy. Olar jan etdiler.
— Duşuşygyň eminleriniň gelen kararlary barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?
— Hakykatdan-da, käbir pursatlar jedelli, esasan hem, biziň haýrymyza berilmedik 11 metrlik jerime urgusy. Men şol pursatda jerime urgusyny berip bolardy diýip pikir edýän, belki, dürs ýerine ýetirilen bu urgy duşuşygyň ykbalyny başgaça netijä-de öwrüp bilerdi. Ýöne, umuman alanymyzda, eminler öz işlerini ýokary derejede alyp bardylar. Esasy zat, oýny kän saklamadylar. Bu bolsa duşuşygyň depginine oňyn täsir etdi.
— Toparyň yklym ýaryşyndaky mundan soňky mümkinçilikleri barada baş tälimçiniň pikirini bilmek hem gyzykly.
— Howsala düşer ýaly ýagdaý ýok. Öňde ýene üç duşuşyk bar. «Altyn asyr» myhmançylykda geçirjek duşuşygymyzdan soň, ýaryş tertibiniň häzirki öňderbaryjysy «Istikloly» Aşgabatda kabul etmeli. Işlemegimizi dowam ederis. Toparda tälimçilerden başlap, her bir oýunça çenli ähli ünsüni diňe ýeňiş gazanmaga gönükdirdi. Ýeňşiň bolsa ýetilmejek menzil däldigini ozal hem birnäçe ýola subut edipdik.
— Eger «Altyn asyr» bilen indiki duşuşyk hem deňlikde tamamlansa, bu iki toparymyzyň hem toparçadan çykyp bilmek mümkinçiligini has azaldýar. Diýmek, bu maksada ýetmekdäki göreş Türkmenistanyň iki toparynyň arasynda has ýiti diýip bilerismi?
— Hakykatdan-da, indiki deňlik biziň üçin hem, «Altyn asyr» üçin hem ýakymly bolmaz. Elbetde, ol biziň ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligimizi azaldar, ýöne ol ýolumuza tutuşlygyna böwet goýanok. Gazanylan netijä garamazdan, biz iň soýuna çenli göreşi ýokary depginde dowam etdireris.
— «Altyn asyr» bilen öňde boljak duşuşyk barada pikiriňizi hem biläýsek.
— Emeli otly meýdanda oýnamak biraz kyn.  Balkanabatdaky sport toplumynda bolsa şol kynçylyk aradan aýrylar. Bu biziň gowy netije görkezmegimize-de ýardam edip biler. Hemişe bolşy ýaly, bize ýene-de ýeňşe garaşýarys.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň