Soňky habarlar

Arhiw

Ýazguly Hojageldiýew: «AFK-nyň kubogynda her bir utuk altyna barabar, galan duşuşyklarymyzda diňe ýeňiş gazanmak üçin göreşeris»

16:3518.04.2018
0
3414

Turkmenportalyň habarçysy AFK-nyň kubogynyň üçünji tapgyrynda 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan «Ahal» — «Altyn asyr» duşuşygy barada «aragatnaşykçylaryň» baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew bilen söhbetdeş boldy.
— Maksada ýetmek — ýeňiş gazanmak üçin duşuşygyň dowamynda iki topara-da janköýerlerini heýjana salyp bilen gowy mümkinçilikler döredi — diýip, Ýazguly Hojageldiýew bu duşuşyk baradaky pikirlerini beýan edýär. — Muňa garamazdan, iki topar hem utuk ýitirdi.
— Siziň pikiriňizçe, maksada ýetmäge päsgelçilik beren zat näme?
— Dörän mümkinçiliklerde edilen gowşak hereketler. Eger olarda has yhlaslylyk görkezilip, netije gazanylan bolsa, biz bu gün ýeňiş hakynda gürrüň ederdik.
— AFK-nyň kubogy — 2018-iň toparçalaýyn tapgyrynyň deň ýary yzda galdy. «Ahal» bilen golsuz deňlikde tamamlanan bu duşuşykdan soň, toparyň indiki mümkinçilikleri barada näme aýdyp bolar?
— Men türkmen toparlarynyň ikisi hem toparçadan çykmak üçin entek hiç zat ýitirenok diýip hasap edýärin. Şonuň üçin hem türgenleşiklerimiziň depginini haýallatman, goýberlen ýalňyşlyklardan netije çykaryp, üstünlik gazanmaga çalyşmaly.
— Diýmek, siz yklym ýaryşyndaky Türkmenistan derbisinde alnan netije toparlarymyza toparçadan çykmaga pägel berenok diýjek bolýaňyz-da!
— Elbetde. AFK-nyň kubogynda her bir utuk altyna barabar. Bu — sport. Munda islendik wagt çarhy tersine aýlamaga pursat döreýär.
— «Altyn asyr» bu ýaryşda eýýäm iki duşuşyk bäri utuk ýitirýär. Bu bolsa öňde duran duşuşyklardaky wezipäňizi has-da kynlaşdyrdy.
— Şonuň üçin hem bize indi utuk ýitirmek bolanok. Indi diňe ýeňiş gerek.
— Toparyň ruhy ýagdaýy?
— Ol nädip peselip bilsin? Entek hiç zady ýitiremzok. Toparçalaryň ikinji bölegi üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň