Türkmenistan — Gazagystan: goňşy ýurtlaryň sebitleriniň özara gatnaşyklary Awazada geçirilen duşuşygyň özenini düzdi

03:4218.04.2018
0
6178

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri girizildi. Maslahata dostlukly ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, senagat we işewürler toparlarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
2014-nji ýylda iki döwletiň hazarýaka sebitleriniň häkimlikleriniň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan foruma gatnaşmak üçin Mangistau oblastynyň akimi Ý.Tugjanowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenbaşy şäherine geldi.
Onuň düzümine dürli müdirlikleriň we departamentleriň — senagat-innowasiýa ösüşi, döwlet girdejileri, telekeçilik we söwda, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, medeniýet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, Gazagystanyň halklarynyň assambleýasynyň müdiriýetiniň, taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň, oblast filarmoniýasynyň, Aktau şäheriniň we Karakiýan raýonynyň wekilleri, şeýle hem oblast maslyhatynyň deputatlary, iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 30-dan gowragynyň, telekeçilik düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girýär.
Olaryň hatarynda “KASPIÝ” “Durmuş-telekeçilik korporasiýasy” Milli kompaniýasy”, “Morport Aktau” ýörite ykdysady zolak, Aktau Halkara howa menzili, “Mangistau Munaýgaz” we “KazAzot” paýdarlar jemgyýetleri, “Port Kuryk” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, Aktau transformator zawody, “Askar” un kombinaty, Aktau konditer fabrigi, Beýneu galla kombinaty, “Aktau Keramzit”, “MAEK-Kazatomprom”, “Atameken” Sebit telekeçiler edarasy, “Zhamalai Ltd”, “Bereket-F” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet we beýlekiler bar.
Şu gezekki duşuşygyň barşynda gazagystanly hyzmatdaşlara okgunly ösýän türkmen bazarynyň giň mümkinçilikleri görkezildi, ýurdumyz örän baý tebigy serişdelere hem-de ägirt uly ykdysady kuwwata eýedir, şeýle hem iri möçberli taslamalar, şol sanda senagatlaşdyrmak, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberlerini artdyrmakda gazanan sepgitleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu taslamalar Hazarýaka sebitinde üstünlikli amala aşyrylýar hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini we daşary ýurtly maýadarlary höweslendirmek çärelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigine aýratyn üns çekildi.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň haryt öndürijileriniň ýeten sepgitlerini bu ýerde guralan bilelikdäki sergi aýdyň görkezdi, onda hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň, Balkan welýatynda işleýän hususy we döwlet gurluşyk, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, tikin, süýji-köke öndürýän kärhanalaryň dürli önümleri görkezildi.
Myhmanlaryň Türkmenbaşy şäheriniň häkimliginiň, ministrilkleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň telekeçileri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada has anyk pikir alyşmalar boldy.
Gazagystanyň wekiliýeti şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy, “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetinde bekre balyklaryny köpeltmek, balyk önümçiligi, işbil öndürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar, bu toplum Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde ýerleşýär.
Şol gün “Awaza” sport toplumynda kiçi futbol boýunça ýoldaşyk duşuşygy geçirildi, oňa balkanly türgenler we “Mangistau” ýaşlar futbol topary gatnaşdylar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döredijilik toparlarynyň, aýdymçylarynyň, halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijileriniň bilelikdäki uly konserti geçirildi. Bu ýerde şeýle hem iki dostlukly ýurduň halk amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň