Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

22:4717.04.2018
0
7972

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň tapgyrlaryny şöhlelendirmegi dowam edýär. Onda tutuş ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş bezegine öwrülen, halkymyzyň durmuşynyň täze hilini özünde jemleýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurulýan binalarda we desgalarda döwrüň keşbi emele gelýär.
 “Aşgabady ösdürmegiň taslamalary — toplumlaýyn şähergurluşygynyň nusgasy” atly makala žurnalyň başynda ýerleşdirilip, ol paýtagtymyzy ösdürmegiň geljekki meýilnamalaryna bagyşlandy. Paýtagtymyz iri sebitara we yklymara ulag ýollarynyň çatrygyna öwrülýär. Häzirki döwürde bu gatnaşyklara ýurdumyzyň beýleki şäherleri hem işjeň goşulýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Gündogdy” hususy kärhanasynyň Türkmenabatda guran howa menzili barada žurnalyň nobatdaky makalasy gürrüň berýär. Onda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Halkara howa menziliniň we onuň tehnologiýa üpjünçiliginiň binagärlik aýratynlyklaryna ähmiýet berilýär.
 “Uçar angarlarynyň görnüşleri” atly makala ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygynda türkmen hünärmenleriniň dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek arkaly özleşdiren esasy ugurlarynyň ösüşi barada gürrüň berýär. Bu ýörelge ýurdumyzyň awiaparkynyň ýerüsti tehniki hyzmatlary üçin inženerçilik desgalarynyň sowatly ulanylmalydygyny öňe sürýär.
Žurnalyň täze sanynda ýurdumyzyň jemagat hojalygynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň işini kämilleşdirmek hakyndaky material hem ýerleşdirildi. 
Aşgabadyň yzygiderli ösmegi, gün-günden öz çäklerini giňeltmegi, sazlaşykly ösýän şähere öwrülmegi onuň edara ediş-çäk bölünişigini alyp barmagy we üýtgetmeleri girizmegi talap edýär. “Ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän baş şäheri” atly makalada bu ugurdaky düzümleriň üýtgedilişi barada gürrüň berilýär.
Türkmenistanyň gurluşyk toplumy ýokary maýa goýum işjeňligi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň maýa goýum serişdelerini talap edýän pudaklarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde gurluşyk milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalygyny mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak, ulag-aragatnaşyk ulgamyny giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksportlyk önümleri öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny, eksport harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipelerini çözýär.
Şunuň bilen bir hatarda pudagyň ylmy-tehniki kuwwatlyklary artýar, ýerli serişdelerden ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň görnüşleri giňelýär. Žurnalyň “Zerur bolan gurluşyk materiallaryny ösdürmek — Türkmenistanyň senagatyny ösdürmegiň bir ugry” atly makalasy hut şu meselä bagyşlanypdyr.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan neşir edilýän žurnalyň “Beýik miras hakynda kitap” diýen sözbaşy astynda berilýän makalalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hakyndaky makala ýerleşdirilipdir. Onda şöhratly pederlerimiziň binagärlik däpleri, türkmen binagärliginiň usullary we aýratynlyklary ýaly ugurlar barada gürrüň berilýär. 
“Orta asyr ýazuw çeşmelerinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärlikleri” atly makalada türkmen we daşary ýurt alymlarynyň dürli döwürlerde bu ugurda geçiren ylmy barlaglaryna syn berilýär. 
“Milli binagärlik-gurluşyk adalgasynyň standartlaşdyrmak meseleleri” atly material hünärmenlere niýetlenendir. Onda pudagyň dünýäniň ugurdaş düzümine goşulmagyny we halkara ülňülerine laýyklykda, türkmen diliniň adalgalar ulgamyny kadalaşdyrmagyň zerurlygyny nazara almak bilen, pudagy netijeli dolandyrmak üçin möhüm hasaplanýan wezipeler barada aýdylýar.
“Ýokary tehnologiýalar, döwrebap serişdeler” bölüminde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurlan gazbeton önümlerini we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän iri önümçilik toplumy hakynda makala ýerleşdirildi. Bu toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümine girýän “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanasy bina etdi. Bu kärhananyň taslama kuwwaty diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem önümleri eksport etmäge hem mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň