Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine Gutlag iberdi

01:0217.04.2018
0
6427

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize Türkmenistanyň häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda, eziz Watanymyzyň döwlet berkararlygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Döwletimiziň Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzyň esasy düzgünleri ata Watanymyzyň milli bähbitlerini goramaga we harby howpsuzlygyny üpjün etmäge, bütin dünýäde parahatçylygy berkitmäge, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Halkara gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna doly hukukly we işjeň gatnaşýan Bitarap döwletimiz parahatçylygy berkitmegiň, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Halkara migrasiýa guramasy bilen alyp barýan netijeli gatnaşyklarymyz hem ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.
“Açyk gapylar” syýasatynyň alnyp barylmagy netijesinde dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleriniň, daşary ýurt raýatlarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi bilen, ýurdumyzyň gadymy medeni ýadygärlikleri, taryhy ýerleri bilen ýakyndan tanyşmaga uly isleg bildirýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany hem barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt raýatlaryny ilkinji bolup garşy alyp, olarda ýurdumyz hakyndaky ilkinji ýakymly täsirleri galdyrmakda Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärlerine möhüm orun degişlidir.
Hormatly migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!
Siz Türkmenistanyň migrasiýa babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, eziz Watanymyzyň at-abraýyny has-da artdyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýarsyňyz, Daşary ýurt dillerini bilýän kämil hünärmenler hökmünde dünýäniň çar künjeginden ýurdumyza gelýän myhmanlara ýokary hilli, döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermekde alyp barýan işleriňize biz ýokary baha berýäris. 2017-nji ýylda ýokary guramaçylykly geçirilen, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri öz möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýurdumyza gelen müňlerçe adamlar ýokary hilli migrasiýa hyzmatlary bilen üpjün edildi. Sebitiň şol iri sport çäresinde gazanan köpsanly altyn medallary bilen ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyran ussat türgenlerimiziň arasynda Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hem bolmagy siziň sporta bolan söýgüňizi görkezýär. Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda hem üstünliki çykyş etjekdigine ynanýaryn.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!
Siz hemişe harby borjuňyzy ak ýürek bilen berjaý edip, Watana we harby kasama wepaly bolmagyň belent nusgasyny görkezmelisiňiz. Ata-babalarymyzyň Watany söýmek, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly belent häsiýetlerini mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Görogly beg, Jelaleddin Meňburny, Keýmir kör ýaly serkerdelerimiziň watansöýüjilik, gahrymançylyk ýörelgelerinden ugur alyp, harby gulluk borçlaryňyzy ak ýürekden ýerine ýetirmelisiňiz.
Biz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň has-da netijeli zähmet çekmekleri, hünär we bilim derejelerini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmekleri, döwrebap şertlerde ýaşamaklary üçin zerur şertleri döredýäris. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şahsy düzümiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, tejribesini artdyrmak, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.
Hormatly Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary we işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň