Soňky habarlar

Arhiw

Taekwondo (ITF) boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

01:3916.04.2018
0
16695

Paýtagtymyzda Taekwondo (ITF) boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda agram derejeleriniň ýedisinde “başa-baş” we “tuli” görnüşlerinde medallar toplumynyň 18-si ugrunda bäsleşildi.
Ýaryşa paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan erkekler we zenanlar düzümlerinden hem-de geljegine uly umyt bildirilýän ýetginjeklerden öňdebaryjy türgenleriň ýüze golaýy gatnaşdy.
Mary welaýatynyň topary ýeňiji bolup, onuň hasabynda 10 altyn, 12 bürünç we şonça kümüş medallar gazanyldy. Ikinji orny 4 altyn, 6 kümüş, 5 bürünç baýraklary gazanan paýtagtymyzyň türgenleri eýeledi. Üçünji orna 3 altyn we 1 bürünç medal gazanyp, Balkan welaýatynyň taekwondoçylary mynasyp boldular.
57 kilograma çenli agram derejesinde birinji orny Orazmyrat Çaryýew hem-de Annamyrat Goşanyýazow eýelediler. Olaryň sportda gazanan üstünlikleriniň hatarynda Aziýa we dünýä çempionatlaryndaky ýeňişleri bar.
63 kilograma çenli agram derejesinde Aziýanyň üç gezek çempiony, dünýä ýaryşlarynyň baýrak eýesi bolan Goşanyýaz Durdyýew altyn medala mynasyp boldy.
“Tuli” görnüşinde Gaýgysyz Atabaýew ýeňiş gazandy. Zenanlaryň arasynda üstünlik Altyn Agaýewanyň (64 kilograma çenli) tarapynda boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň