Soňky habarlar

Archive news

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak we olara hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekdi

23:5015.04.2018
0
6550
Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak we olara hünär derejesini bermek hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kazyýetleriň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi. Permanda şeýle diýilýär: «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 43-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin: Musamyrat Söýünberdiýewiç Söýünowy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Aşgabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; Amanmuhammet Amanberdiýewiç Işangulyýewi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli; Tawus Kakageldiýewna Handurdyýewany Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli; Gurt Amandurdyýewiç Gurbandurdyýewi Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; Abdybaý Orazowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine bellemeli; Döwran Jumamyradowiç Hanowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy wesipesine bellemeli; Döwlet Orazgulyýewiç Alowowy Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli; Nurgeldi Bekmyradowiç Baýryýewi Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly; Ahmetýar Kömekowiç Saparowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly; Alladurdy Çaryýewi Ahal welaýatynyň Bäherden etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly».
gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň