Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2018: "Ahal" we "Şagadam" garşydaşlaryny dört gol bilen ýeňdi

10:2915.04.2018
0
2808

Düýn Aşgabatda we Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Futbol boýunça milli çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň iki duşuşygy geçirildi. Olarda "Şagadam" "Balkany", "Ahal" bolsa "Aşgabady" kabul etdi.

Mälim bolşy ýaly, tapgyryň ilkinji duşuşygy 13-nji aprelde "Aşgabat" stadionynda geçirlipdi. "Köpetdag" bilen "Merwiň" arasynda geçirilen şol duşuşykda myhmanlar Begenç Alamowyň geçiren iki goly bilen ýeňiş gazanypdylar. Eger tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda ýer eýesi hökmünde çykyş eden topar utulyşdan halas bolup bilmedik bolsa, düýnki duşuşyklaryň ikisinde-de ýer eýeleri uly hasapda ýeňiş gazandy. "Şagadam" hem, "Ahal" hem myhman toparlaryň derwezesinden dört goly geçirdi.

Türkmenbaşy şäherindäki sport desgasynda geçirilen Balkan derbisi özüne 500 tomaşaçyny ýygnady. "Şagadam" duşuşygyň her ýarymynda "Balkanyň" derwezesinden iki gol geçirip, 4:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Pökgüleri 24-nji minutda Begenç Annagurbanow, 43-nji minutda Melis Rizaýew, 51-nji we 65-nji minutlarda bolsa Hemra Amanmämmedow geçirdi. Duşuşykda dört futbolça sary kart görkezildi, şolaryň biri — Arslan Paizow 68-nji minutda ikinji sary kartdan soň, meýdandan çykaryldy.

"Ahal" hem "Aşgabadyň" derwezesinden 4 gol geçirdi, ýöne Röwşen Meredowyň şägirtleri öz derwezesinde hem bir gol gördüler. Bu duşuşyk Guwanç Abyowyň het-trigi bilen ýatda galdy.

Tapgyr şu gün "Diller merkezi" stadionynda geçiriljek "Altyn asyr" — "Energetik" duşuşygy bilen tamamlanar.

 

 “Şagadam” – “Balkan” – 4:0

Gollar: Begenç Annagurbanow 24, Melis Rizaýew 43, Hemra Amanmämmedow 51, 65

Duýduryşlar: Arslan Paizow 9, Azat Garajaýew 11, Aşyrgeldi Ylýasow 53, Yhlas Magtymow 72

Meýdandan çykasrylan: Arslan Paizow 68 (Ikinjii duýduryş)

Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Türkmenbaşy ş)

Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş)

Tomaşaçy: 500

 

“Ahal” – “Aşgabat” – 4:1

Gollar: Guwanç Abylow 2, 53, 90+1, Begenç Akmämmedow 90+2 ("Ahal") - Dawid Sarkisow 84 ("Aşgabat")

Duýduryşlar: Begenç Akmämmedow 83 (“Ahal”) – Şiri Annaýew 18, Elýas Akyýew 83, Pirmyrat Gazakow 90+2

Geçirilen ýeri: “Aşgabat”  stadiony (Aşgabat ş)

Duşuşygyň emini: Ruslan Ereşow (Türkmenabat ş)

Tomaşaçy: 200

 

Ýaryş tertibi:

1. "Şagadam" 5/10.

2. "Merw" 6/10

3. "Ahal" 4/8

4. "Aşgabat" 5/7

5. "Altyn asyr" 2/6

6. "Energetik" 5/6

7. "Balkan" 5/3

8. "Köpetdag" 6/2

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň