Türkmenistanda 215 müň gektardan gowrak meýdana gowaça ekildi

10:1115.04.2018
0
2430

Ministrler Kabinetiniň 13-nji aprelde geçirilen mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berildi. Şu günler ýazky gök-bakja ekinleri ekmek işleri dowam edýär. Bu oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça babadaýhanlar bilen şertnamalar baglaşylýar. Ekerançylary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Tutuş ýurdumyz boýunça jemi 215 müň 120 gektar meýdanda gowaça ekişi geçirilip, ekişiň depgini barha ýokarlandyrylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça meýdanlarynda birinji hatarara bejergi işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem agrotehniki kadalara laýyklykda bugdaý ekilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň