Türkmenistanyň Prezidenti MInistrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

22:5514.04.2018
0
10675

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer hasabatynyň başynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habarlar barada aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji aprelde bolan 82-nji mejlisinde “Bütindünýä welosiped güni” hem-de “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Olaryň taslamalary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy.

Ýokarda ady agzalan birinji Kararnamany 56 döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Şu resminama laýyklykda, 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýip yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy Milletler bileleşiginiň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyndaky ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, Gaznanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Dünýäniň 19 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň strategiki ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeläp, oňyn başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamalary hem şol başlangyçlaryň möhüm ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, 3-nji maýda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guralmagy göz öňünde tutulýan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň nobatdaky, 9-njy mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Öňümizdäki duşuşygyň guramaçylyk meseleleri YHG-ä agza ýurtlaryň Ministrler Geňeşiniň 17-nji aprelde Duşenbede geçiriljek 23-nji maslahatynyň gün tertibine giriziler.

Soňra döwlet Baştutany pudaklar boýunça hasabatlary diňledi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidentine:

milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet býujetiniň serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de hususy pudagyň ornuny pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylýan çäreler;

söwdany hem-de telekeçiligi ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler;

ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmek boýunça maksatnamany” iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler;

welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri;

ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň önümçiik kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak;

Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda elektrik energiýasynyň önümçiligini artdyrmak, jemagat hojalygy gulluklarynyň işini kämilleşdirmek we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler;

tehniki parklaryň üstüni häzirkizaman tehnikalary bilen ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler;

dünýäde milli medeni mirasymyzy wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de 18-19-njy aprelde Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri atly halkara ylmy maslahatyny we festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri;

2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparyny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlaryny welaýatlar boýunça jogapkär edip bellemek hakyndaky Karara gol çekdi hem-de bu babatda wise-premýerlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň