Balkanabatda 32 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurulýar

13:2614.04.2018
0
8723

“Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşigi tarapyndan Balkanabat şäherinde her biri 36 öýli 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň tapgyrlaýyn gurluşygy boýunça taslamalar işlenip taýýarlanyldy. Ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryljak ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda Saglyk öýüniň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 2 sany söwda merkeziniň gurluşygy meýilleşdirildi. Onuň birinji tapgyrynda ýaşaýyş jaýlarynyň 18-si, söwda merkezleri gurlar. Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji aprelde geçirilen mejlisinde aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň