Soňky habarlar

Arhiw

"Merwiň" şu möwsümde myhmançylykda gazanan ilkinji ýeňşi topary birinji orna çykardy

11:0814.04.2018
0
1073

Düýn paýtagtymyzdaky "Aşgabat" köpugurly stadionynda Ýokary liganyň 6-njy tapgyrynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň "Köpetdag" futbol topary Mary şäheriniň "Merw" toparyny kabul etdi. Myhman toparyň şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazanmagy bu duşuşygyň esasy aýratynlygy boldy.

Eýýäm ilkinji minutlarda "Merw" Begenç Alamowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen öňe saýlandy. Duşuşygyň barşynda tejribeli futbolçy jerime meýdançasynyň daşyndan bellenilen jerime urgularynyň birini hem derwezä dürs gönükdirip, toparynyň duşuşykdaky iki goluny hem öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, duşuşyk 2:0 hasabynda "Merwiň" myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamandy. Resul Mämmedowyň eminlik eden duşuşygyna 300 tomaşaçy ýygnandy.

Bu ýeňiş "Merwi" ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykardy. Şeýle hem "Merw" şu ýyl çempionatda 10 utuk gazanan ilkinji topar boldy. Topar yzda galan 6 duşuşygyň 3-sinde ýeňiş gazanyp, 2 duşuşykda ýeňildi. Geçen tapgyrdaky "Energetik" — "Merw" duşuşygy bolsa deňlik bilen tamamlandy. "Köpetdag" bolsa geçiren 6 duşuşygynyň diňe 2-sini deňlik bilen tamamlap, 2 utuk bilen ýaryş tertibiniň iň soňky ornunda barýar.

Şu gün milli çempionatymyzda iki duşuşyk geçiriler. Türkmenbaşy şäherinde Balkan derbisi bolsa, paýtagtyň "Aşgabat" köpugurly stadionynda "Ahal" "Aşgabady" kabul eder. Tapgyr ertir geçiriljek "Altyn asyr" — "Energetik" duşuşygy bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň