Soňky habarlar

Arhiw

Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk

22:5713.04.2018
0
9500

Birleşen Milletler Guramasy A/72/L.42

Baş Assambleýa
Ýetmiş ikinji sessiýa
Gün tertibiniň 19-njy bölümi 
Durnukly ösüş

Baş Assambleýa,

Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini ilerletmek üçin sebitara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça çäreleriň kabul edilmegini oňlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maddasyna salgylanyp,

şeýle hem Baş Assambleýada Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna synçynyň derejesini bermek hakyndaky 2008-nji ýylyň 11-nji dekabrynda kabul edilen 63/133 belgili Kararnamasyna salgylanyp,

Aral deňziniň çägindäki ynsanperwer, ekologiýa we durmuş-ykdysady hadysalarynyň sebitiň çäginden çykýandygyny hem-de onuň ählumumy meselä öwrülendigini nazara alyp,

Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna agza döwletleriň öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyk gelýän tagallalaryny oňlap,

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işiniň Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini we zerurlyklaryny nazara almak bilen amala aşyrylmalydygyna ynam bildirip,

Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň biriniň ykdysady, durmuş we ynsanperwer häsiýetdäki halkara meseleleri çözmekden ybaratdygyny tassyklap,

Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli Kararnamalaryna, şol sanda 2005-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky 1631 (2005) Kararnamasyna, şeýle hem Geňeşiň başlygynyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň sebit hem-de içki sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini belleýän Tertipnamasyna salgylanyp,

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň edaralary, maksatnamalary we gaznalary bilen öz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hem-de çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalaryny oňlap,

Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň öňe ilerledilmegini şertlendirjekdigine ynam bildirip,

1. durmuş-ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak we tebigy betbagtçylyklara seslenmek, suw serişdelerini dolandyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň zyýanlaryny azaltmak, ylym we täzeçillik hem-de beýleki garyşyk ulgamlardaky maglumat alyşmalaryny ýola goýmak maksady bilen Araly Halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belleýär;

2. Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ulgamlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we utgaşyklylygy berkitmegiň wajypdygyny belleýär hem-de şol sanda Baş sekretar bilen sebit guramalarynyň baştutanlarynyň arasyndaky geňeşmeleri peýdalanmak arkaly Baş sekretara şu maksat bilen, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy bilen degişli pudagara maslahatlary we forumlary, yzygiderli geňeşmeleri geçirmegi teklip edýär;

3. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümlerine hem-de beýleki guramalaryna, ulgamlaýyn maksatnamalara we gaznalara, şeýle hem halkara maliýe edaralaryna Araly halas etmegiň Halkara gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýär;

4. Baş sekretardan Baş Assambleýanyň ýetmiş üçünji sessiýasyna bu Kararnamanyň ýerine ýetirilişi hakyndaky çykyşy taýýarlamagy soraýar;

5. Özüniň ýetmiş üçünji sessiýasynyň deslapky gün tertibine “Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we beýleki düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly bölümiň çäklerinde “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly bölümçäni goşmagy karar edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň