Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Aziýa kubogynyň bije çekilşigine dördünji torbadan gatnaşar

11:4713.04.2018
0
5834

Öňümizdäki ýylyň 5-nji ýanwary — 1-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Futbol boýunça Aziýa kubogyna gatnaşjak milli ýygyndylar belli boldy. 15 ýyllyk arakesmeden soňra biziň milli ýygyndymyzyň hem yklym ýaryşyna gatnaşmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bije çekilşik 4-nji maýda Dubaý şäherinde bolar.
Bije çekilşigiň torbalary FIFA-nyň 12-nji apreldäki täze reýtingine görä düzüldi.
Bije çekilşigiň torbalary şeýle tertipde bolar:
Birinji torba: BAE (ýer eýeleri), Eýran, Awstraliýa, Ýaponiýa, Koreýa, Saud Arabystany.
Ikinji torba: Hytaý, Siriýa, Özbegistan, Yrak, Katar, Tailand.
Üçünji torba: Gyrgyzystan, Liwan, Palestina, Oman, Hindistan, Wýetnam.
Dördünji torba: KHDR, Filippinler, Bahreýn, Iordaniýa, Ýemen, TÜRKMENISTAN.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň