Soňky habarlar

Arhiw

Şahin Nilofer: «Türkmenistanda immunizasiýanyň ýokary derejesi tassyklanyldy»

11:2413.04.2018
0
7755

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Şahin NILOFER:
— Immunizasiýany we ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmekde, ýod ýetmezçiliginden üstün çykmakda, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ulgamynda, körpäniň irki ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri ýokary baha mynasypdyr. Bu ugurlaryň ählisi Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýanyň esasy düzgünlerine laýyk gelýär. Çagalaryň abadan durmuşy üçin hemme şertleri döretmek maksady bilen, ýurtda saglygy goraýyş, bilim, durmuş goraglylygy ulgamlarynda birnäçe strategiýalar kabul edildi.
“Türkmenistanda eneleriň, täze doglan bäbekleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagyň” 2016 — 2019-njy ýyllar üçin Milli strategiýasy we iş meýilnamasy, 2016 — 2020-nji ýyllar üçin “Pediatriýa, ösüş we irki goşulyşma” maksatnamasy, şeýle hem çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we “Çaga hoşniýetli garaýan hassahana” diýen derejäni ornaşdyrmak boýunça maksatnama aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.
Şonuň ýaly-da, ÝUNISEF-iň hem-de BSGG-niň 2017-nji ýyldan bäri hereket edýän “Dünýä inen her bir çaga” diýen maksatnamasy boýunça ählumumy başlangyjyň kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň hökümetine hoşallyk bildirýäris. Ähli çagalaryň saglygyny we abadan durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmek maksady bilen ÝUNISEF mundan beýläk-de usulyýet goldawyny bermegini dowam eder.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň 20 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijesinde azganlylygyň öňüni almak boýunça, ýoduň we demriň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Netijede, Türkmenistan halkara ölçeglere laýyklykda, 2004-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda duzy ýodlaşdyrmak boýunça birinji orna çykdy. “Köp görkezijiler boýunça klaster barlaglarynyň” maglumatlaryna görä, ýurduň ilatynyň 97 göterimi ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün edildi. Çagalaryň, ýetginjekleriň we aýallaryň bagtyýar, sagdyn we abadan durmuşyny kemala getirmek Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. ÝUNISEF ilaty öňüni alyş sanjymlary bilen gurşap almak hem-de keselleri öňünden duýdurmak boýunça Türkmenistandaky işlere nusgalyk derejede baha berýär.
Ýaňky klaster barlaglaryna laýyklykda Türkmenistanda immunizasiýanyň ýokary derejesi tassyklanyldy — ol 97 göterim bolup durýar. Türkmenistanyň hökümeti her ýylda immunizasiýalaşdyrmaga ABŞ-nyň 11 million dollary möçberinde pul serişdelerini, uny demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrmaga bolsa ABŞ-nyň ýarym million dollaryny sarp edýär. ÝUNISEF adamlaryň we çagalaryň hukuklaryny goramak üçin býujeti işläp taýýarlamak baradaky yzygiderli aladasy üçin Türkmenistanyň hökümetine uly hoşallyk bildirýär. Şol býujet “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna hem-de ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar. Türkmenistanyň hökümeti döwlet tarapyndan çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine maliýe serişdeleriniň bölünip berilmeginiň ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna getirjekdigine we munuň, öz nobatynda, durnukly ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýar.
ÝUNISEF çagalaryň abadan durmuşyny, olaryň mekdebe taýýarlygyny hem-de mekdebi tamamlanlaryndan soňra ýagty geljegi, her bir çagany we enäni ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygyny dowam etmegi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň