Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda Türkmenistanyň täze ilçisi işläp başlady

10:2613.04.2018
0
6830

Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmenistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowy kabul etdi.
«Gazagystan we Türkmenistan häzirki wagtda Merkezi Aziýada we bütin dünýäde dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada hyzmatdaşlyk edýän döwletlerdir» diýip, gazak Lideri kabul edilşikde aýtdy.
Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklary mundan beýläk-de berkitmekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň baharynda Astana, şol sanda gazak Lideriniň geçen ýylyň dowamynda Aşgabada bolan saparlarynyň uly orun eýeleýändigi hem kabul edilşikde nygtaldy. Şeýle hem bu kabul edilşikde hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň