Türkmenistanyň Prezidenti Alžiriň Prezidentine harby-ulag uçarynyň heläkçiligi sebäpli köp sanly adam pidalary üçin gynanç bildirdi

23:3712.04.2018
0
10190

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelaziz Buteflika Bufarik howa menziliniň golaýynda harby-ulag uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Beýik Biribardan sabyr-takat diläp, ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Alžiriň paýtagtyndan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Bufarik aerodromynda Il-76TD harby-ulag uçary heläkçilige uçrady. Emele gelen heläkçilikde 250 adam, şol sanda uçaryň 10 adamlyk ekipažy hem gurban boldy. Häzir bu heläkçiligiň sebäpleri öwrenilýär diýip, Alžiriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň