Soňky habarlar

Arhiw

Olimpiýa şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlary ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärlerine berler

17:2912.04.2018
0
17397

11-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň ähli düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem paýtagtymyzyň durmuş ulgamyna degişli binalaryň ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärlerine, Mejlisiň deputatlaryna bermek we ýaşaýyş jaýlarynda tehniki, hojalyk hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly teklipler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň häkimine ähli zerur bolan namalary resmileşdirip, Olimpiýa şäherçesiniň çäklerinde bar bolan ýaşaýyş jaýlaryna Mejlisiň deputatlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň göçüp barmaklaryny üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň