Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýaşlary şu ýyl halkara bilim bäsleşiklerinde 15 medal gazandylar

17:2112.04.2018
0
2382

Ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, 8 medala, şol sanda 2 kümüş, 6 bürünç medala, Internet bäsleşiklerinde 2467 sany dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 4 kümüş we 3 bürünç — jemi 7 medal gazandylar. Halkara internet ders bäsleşiklerinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 41 sany baýrakly orunlara, şol sanda: 14 altyn, 11 kümüş, 16 bürünç medala hem-de dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular.
Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 145-si taýýarlanyldy we çapa iberildi. Olardan 35-si neşir edildi. Bular barada Ministrler Kabinetiniň 11-nji aprelde geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň