Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ykdysady jenaýatlary eden adamlaryň jogapkärçilige çekilmegi dowam edýär

15:3412.04.2018
0
18691

11-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda M.Çakyýew aýry-aýry ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işlerine geçirilen barlaglaryň dowamynda komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän E.Rejebow 2015 — 2017-nji ýyllarda wezipesinden hyýanatly peýdalanyp, komitetiň garamagyndaky edaralar üçin enjamlary satyn almak barada şertnamalary baglaşanda döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozup, ynanylan emlägi bikanun harçlapdyr.
Bu jenaýatçylykly hereketler bilen bagly E.Rejebowyň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, onuň döwlete ýetiren zyýany doly ýerinde goýduryldy. 
Ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň başlygy wezipesinde 2005-nji ýylyň iýun aýyndan bäri işlän Meret Geldiýew ýolbaşçylyk eden gullugy tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalar baglaşylanda olaryň ýolbaşçylaryndan para alnypdyr. Häzirki wagtda M.Geldiýewiň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, onuň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan pullary doly ýerinde goýduryldy we bikanun hereketler bilen baglanyşykly derňew işleri dowam edýär.
2016-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik edarasyna degişli Naýybyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminalynyň başlygy wezipesinde işlän Ý.Bazarow ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, terminaldan eksporta ugradylýan suwuklandyrylan gazy hiç hili bökdençlik döretmezden awtoulaglara goýmak üçin satyn alyjy daşary ýurt kompaniýalaryndan para alypdyr.
Şeýle hem ol öz para alan pulundan suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik edarasynyň başlygy wezipesinde işlän B.Orunowa para beripdir. Hasabatdan görnüşi ýaly, geçirilen derňew işleriniň dowamynda Ý.Bazarowdan öň Naýybyň suwuklandyrylan gazy saklaýan we ýükleýän terminalynyň başlygy wezipesinde işlän Serdar Ýangybaýewiň hem bu wezipede işlän döwri hyýanatçylykly ýol bilen daşary ýurt kompaniýalaryndan para alandygy we B.Orunowa para berendigi ýüze çykaryldy. Olaryň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, bikanun gazanylan pul serişdeleri ýerinde goýduryldy.
Şeýle hem “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Parahat nebit kärhanasynda geçirilen dessin-agtaryş işleriniň netijesinde kärhananyň başlygy wezipesinde işlän N.Muhammetorazowyň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, garamagyndaky ýangyç guýujy beketleriň operatorlary G.Annakulyýew, M.Geldiýew, M.Beknazarow, A.Bäşimow hem-de W.Maşkarin dagy bilen deslapdan dilleşip, bu beketleriň A-80, A-92 görnüşli benzin, şeýle hem dizel ýangyçlaryny goýberiji nokatlarda ýörite kem guýujy enjamlary ornaşdyrmak arkaly, satylan her 10 litr ýangyçdan 0,8 litr kem guýup, artdyrylan ýangyjy satyp, öz haýyrlaryna harçlandyklarynyň üsti açyldy. Olaryň jenaýatçylykly hereketleri boýunça jenaýat işi gozgalyp, bikanun eýelän pul serişdeleri gozgalmasyz edildi.
Şeýle hem hasabatyň dowamynda Mary galla önümleri kärhanasynyň Tagtabazar etrabyndaky 7-nji kabul ediş bölüminiň wezipeli işgärleri tarapyndan tereziniň görkezijisini kemeldýän enjam oturdylyp, galla tabşyrýan daýhanlaryň hasylynyň yzygiderli kem ölçenilip, daýhanlara maddy zyýan ýetirilendiginiň ýüze çykarylyp, jenaýatçylykly hereketleriň öňüniň alnandygy habar berildi.
2004-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň Senagat ministrliginiň “Türkmendaşlary” önümçilik birleşiginiň Kelete daş-çagyl kän müdirliginiň başlygy wezipesinde işlän Ç.Toýçyýewiň ýolbaşçylyk eden kärhanasynda dürli taraplara satylan daşlaryň käbir tölegleriniň kärhana girdeji edilmän, bikanun eýelenendigini belläp, M.Çakyýew bu ýagdaý bilen bagly barlag-ölçeg işleri geçirilende birnäçe serişdeleriň ýetmezçiliginiň ýüze çykarylandygyny habar berdi. Bellenilişi ýaly, Ç.Toýçyýewiň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, ýetirilen zyýany ýerinde goýdurmak boýunça, derňew işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem şol birleşigiň Bereket kän müdirliginde geçirilen maliýe barlagynyň dowamynda, müdirligiň başlygy wezipesinde işlän K.Hojamberdiýewiň wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatly peýdalanyp, garamagyndaky maddy gymmatlyklary öz haýryna harçlap, ýetmezçiligi döredendigi, şeýlelikde, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilendigi ýüze çykaryldy.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň garamagyndaky Köneürgençdäki Awtoulaglar kärhanasynyň maliýe-hojalyk işlerine geçirilen barlagyň netijeleri barada aýdyp, M.Çakyýew kärhananyň ýangyç we ýaglaýyş enjamlary bölüminiň başlygy bolup işlän D.Ataýewiň wezipesinden hyýanatly peýdalanyp, 2015 — 2017-nji ýyllar aralygynda gulluk resminamalaryny galplaşdyryp, jogapkärçiligindäki ýangyç paýlaýyş nokadyndan umumy 598 tonna A-80 görnüşli benzini bikanun çykdajy edip, artdyrylan ýangyjy satyp, öz haýryna harçlandygyny we döwlete uly möçberde zyýan ýetirendigini belledi. Şeýlelikde, onuň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, ýetirilen zyýanyň ähli möçberi töletdirildi.
2017-nji ýylyň iýun aýyndan bäri “Türkmen-Türk” paýdarlar täjirçilik bankynyň karzlary bermek we dolandyrmak müdirliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji, başlygynyň orunbasary wezipelerinde işlän Ş.Saparlyýew hojalyk jemgyýetine hem-de dört sany hususy telekeçä önümçilik maksatly karz serişdelerini alyp berendigi üçin olardan para alypdyr. Häzirki wagtda onuň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, para alan puly doly ýerinde goýduryldy. Jenaýatçylykly hereket boýunça derňew işleri dowam edýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda parahorluk we korrupsiýa ýaly ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine päsgelçilik berýän ýaramaz hadysalara garşy durmak, öňüni almak we doly ýok etmek boýunça çäreleriň mundan beýläk-de güýçlendirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory wezipesine täze bellenilen M.Hudaýkulyýewe degişli derňew çärelerini yzygiderli dowam etmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň