«Weli Gurluşyk» hususy kärhanasy “Aşgabat — Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda awtotoplumy gurar

11:4512.04.2018
0
15732

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek, şeýle hem Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine Aşgabat şäheriniň “Aşgabat — Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň taslamasyny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Weli Gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2018-nji ýylyň aprel aýynda başlamak hem-de binalary we desgalary 2020-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň