Soňky habarlar

Arhiw

AFK kubogyndaky türkmen derbisinde ýeňiji ýok

23:0111.04.2018
0
6685

Şu gün ýurdumyzyň futbol janköýerleri taryhy duşuşyga şaýat boldular. Taryhda ilkinji gezek Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşa wekilçilik edýän iki toparymyz bir toparçada biri-biri bilen bäsdeş bolup çykyş etdi. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol toparlarynyň arasyndaky bu gyzykly duşuşyk «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirildi.
15 600 tomaşaçyny ýygnan duşuşyk turuwbaşdan çekeleşikli başlandy. Munuň hem sebäbi, ýaryşy mundan beýläk hem üstünlikli dowam etdirmek üçin toparlaryň ikisine-de ýeňşiň gerekdigindendi. Şu duşuşykda meýdan eýesi hökmünde çykyş eden «Ahal» yzda galan iki tapgyrda bir ýeňiş, bir utulyş bilen 3 utuk ýygnap bilen bolsa, myhman topar — «Altyn asyryň» bir ýeňiş, bir deňme-deňlikden soňra 4 utugy bardy. Üçünji tapgyryň duşuşyklaryna çenli «Altyn asyr» toparçada birinji orunda gelýärdi. Toparçadan çykmaga başga bir esasy dalaşgär — Täjigistanyň «Istiklol» topary hem iki duşuşykdan 4 utuk toplap bildi. Diýmek, şu duşuşykda gazanyljak ýeňiş toparlarymyzyň biriniň taryhda ilkinji gezek şu ýaryşda toparçadan çykmaga bolan mümkinçiligini artdyrjakdy.
Birinji ýarymda iki toparda hem hasaby açmak üçin mümkinçilikler döredi. Ýöne goragçylaryň we derwezeçiler Mämmet Orazmuhammedow («Altyn asyr») bilen Batyr Babaýewiň («Ahal») hüşgärligi garşydaş topara hasaby artdyrmaga mümkinçilik bermedi. Esasan hem, «Altyn asyryň» hüjümçisi Mihail Titowyň özi üçin dörän amatly pursatdan peýdalanyp bilmezligi birinji ýarymyň ýatda galan pursatlarynyň biri boldy. Duşuşygyň ilkinji 45 minudynda ýatda galan ýene bir ýagdaý bolsa 17-nji minutda Resul Hojaýewiň («Altyn asyr») sary duýduryş kartasyny almagydyr.
Birinji ýarymynda derwezelere pökgi girizilmedik duşuşygyň ikinji ýarymynda depgin has-da artdy. 59-njy minutda «Ahalyň» baş tälimçisi Röwşen Meredow oýnuň netijesini öz toparynyň haýryna üýtgetmek üçin iki sany oýunçy çalşygyny geçirdi. Goragçy Ata Geldiýewiň ornuna hüjümde hereket edýän Guwanç Abylow, ýarym goragçy Begenç Akmämmedowyň ornuna bolsa Döwran Orazalyýew oýna girdi. Hasap welin üýtgemedi.
68-nji minutda bahreýnli emin Ammar Ibragim Hasan Mahfud «Altyn asyryň» ýarym goragçysy Umidjan Astanowa sary kart görkezdi. Bu pursatdan 3 minut soňra «aragatnaşykçylaryň» baş tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew hem oýunçy çalşygyny geçirdi. Gödek hereketi bilen eminden duýduryş alan U.Astanow meýdandan çykyp, onuň ornuna Selim Nurmyradow girdi.
Toparlar şondan soň hem bir oýunçy çalşygyny geçirdiler. 76-njy minutda «Ahalda» hüjümçi Süleýman Muhadowyň ornuna Nurýagdy Muhammedow, 78-nji minutda «Altyn asyrda» ýarym goragçy Resul Hojaýewiň ornuna Gurbangeldi Sähedow oýna girdi. Netije babatynda welin üýtgän zat bolmady. Hatda, duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Şol gün «D» toparçadaky beýleki bir duşuşykda «Istiklol» Gyrgyzystanyň «Alaý» toparyny kabul etdi. 48-nji minutda Fathullo Fathulloýewiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren pökgüsi bilen ýeňiş gazanan «Istiklol» üçünji tapgyryň duşuşyklaryndan soň ýaryş tertibiniň birinji ornuna çykdy. 
Dördünji tapgyryň duşuşyklary 25-nji aprelde geçiriler. Şol gün «Altyn asyr» «Ahaly», «Alaý» bolsa «Istikloly» kabul eder.

AFK-nyň kubogy — 2018.
«D» toparça, üçünji tapgyr.

«Ahal» — «Altyn asyr» — 0:0.

Duşuşygyň emini: Ammar Ibrahim Hasan Mahfud (Bahreýn).

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» köpugurly sport toplumy (Aşgabat ş.)

Tomaşaçylar: 15 600.

«Ahalyň» düzümi: 1 Batyr Babaýew, 17 Ata Geldiýew (10 Guwanç Abylow 59'), 2 Güýçmyrat Annagulyýew, 18 Didar Hajyýew, 26 Hoşgeldi Hojowow, 21, Wezirgeldi Ylýasow, 19 Begenç Akmämmedow (23 Döwran Orazalyýew 59'), 8 Yhlas Saparmämmedow, 7 Myrat Annaýew, 77 Merdan Gurbanow, 9 Süleýman Muhadow (6 Nurýagdy Muhammedow 76').
Baş tälimçi: Röwşen Meredow.

«Altyn asyryň» düzümi: 1 Mämmet Orazmuhammedow, 12 Serdar Annaorazow, 4 Mekan Saparow, 2 Zafar Babajanow, 24 Gurbangeldi Batyrow, 29 Serdar Geldiýew, 21 Resul Hojaýew (9 Gurbangeldi Sähedow 78'), 14 Umidjan Astanow (10 Selim Nurmyradow 71'), 11 Myrat Ýagşyýew, 30 Mihail Titow, 7 Altymyrat Annadurdyýew. 
Baş tälimçi: Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň